Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Февраль
2021

Новости за 22.02.2021

Azathabar.com 

Prezident özbek etrabyny sylaglaýan mahaly, käbir özbek maşgalalar deňsizlikden şikaýat edýär

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň habar bermegine görä, Mary şäheriniň “Parahatlyk”, “Samarkant” we “Şamyradow” köçeleriniň ugrunda etniki özbek milletiniň wekilleri ýaşaýar. Olar dürli problemalara, şol sanda ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklara sezewar bolýar. Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda özbekleriň kowçum bolup ýaşaýan etrabyny 1 million dollar möçberinde pul baýragy bilen sylaglady. Azatlyk Radiosy ýyllar boýy Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş... Читать дальше...

Azathabar.com 

COVID-19: Aşgabatda waksina sanjymlary dowam edýär, Lebapda gonamçylyklara giriş çäklendirilýär

Aşgabatda saglyk we kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine koronawirusa garşy waksina sanjymlary urulýar. Bu aralykda, Lebapda waksina kampaniýasy, häkimiýetleriň ozalky yglan eden meýillerine garamazdan, heniz hem başladylmady. Ýurduň esasy karantin zolaglary ýerleşýän Lebapda egin-eşik we gurluşyk harytlarynyň söwdasy gaýtadan ýola goýuldy. Mundan başga-da, gündogar welaýatda adamlaryň ölüm hadysalarynyň köpelmeginiň arasynda, gonamçylyklarynda täze çäklendiriji düzgünler ornaşdyryldy. Türkmen häkimiýetleri... Читать дальше...

Azathabar.com 

Polisiýa söweşijiler Pakistan-Owganystan serhet sebitinde dört aýal aktiwisti öldürdi diýýär

Söweşijiler bolmakda güman edilýän adamlar Owganystan bilen serhetleşýän Pakistanyň demirgazyk-günbatar sebitinde hökümete degişli bolmadyk guramadan dört aýal aktiwisti alyp barýan ulagy gabady, olary öldürdi we sürüjini ýaralady. Hüjüm 22-nji fewralda Demirgazyk Waziristan etrabynyň Mir Aly şäheriniň Ippi obasynda bolup geçdi diýip, Demirgazyk Weziristanyň polisiýa başlygy Şafiullah Gandapur Azatlyk Radiosyna aýtdy. Etrap polisiýa müdiri Şafi Ullah Han hem hüjümi tassyklady we howpsuzlyk güýçleriniň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Hytaýyň Gazagystandaky ilçihanasynyň öňünde Sinszýandaky tussaglary boşatmak boýunça protestler dowam edýär

On töweregi adam, esasanam aýallar, Hytaýyň demirgazyk-günbatar sebitinde ýerleşýän Sinszýan regionynda saklanýan garyndaşlarynyň boşadylmagy baradaky talaplaryny dowam etdirmek üçin Gazagystanyň iň uly şäheri Almatydaky Hytaý konsullygyna ýygnandy. Demonstrantlar 22-nji fewralda Hytaýda tussag edilen garyndaşlarynyň suratlaryny we Hytaý hökümetinden "genosidi bes etmegi" we ähli "bigünä adamlary Sinszýandaky lagerlerden boşatmagy" talap edýän şygarlary öňe sürdüler. "Men bu ýere inim Kalypbek... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ankarada türkmen energiýa baýlyklaryny Ýewropa ýetirmek mümkinçiligi maslahat ediler

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredow Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan arasyndaky üç taraplaýyn gepleşiklere gatnaşmak üçin 22-24-nji fewral aralygynda Ankara barar.  Bu saparyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 21-nji fewralda gol çeken buýrugyna görä geçirilýändigi, Meredowyň Türkiýäniň paýtagtynda türkmen-türk ministrleri arasyndaky maslahata, şeýle hem Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan arasynda üç taraplaýyn gepleşiklere gatnaşjakdygy ýarym resmi "Tukrmenportal" onlaýn neşriniň maglumatynda aýdylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Belarus, Orsýet ýolbaşçylary Günbataryň basyşlaryna taýynlyk görüp duşuşýarlar

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Belarusyň lideri Alýaksandr Lukaşenka 22-nji fewralda Soçide gepleşik geçirerler. Duşuşyk iki lideriň öz ýurtlaryndaky köpçülikleýin protestler we Günbataryň basyşynyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtyna gabat gelýär. Iki ýurduň prezidentleri Gara deňziň boýundaky şäherde geçirýän duşuşygynda beýleki meseleler bilen birlikde ykdysady gatnaşyklar, energiýa, howpsuzlyk we integrasiýa temalaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Duşuşyga gabat Ýewropa Bileleşiginiň... Читать дальше...

Azathabar.com 

ÝB Nawalnynyň tussaglygy sebäpli Orsýete garşy sanksiýa girizýär

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 22-nji fewralda oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň tussag edilmegi we ýaranlaryna basyşlaryň görkezilmegi sebäpli Orsýete garşy girizilen täze sanksiýalary tassyklamagyna garaşylýar. Ýewropa Bileleşiginiň Brýusselde ýygnanan 27 agzasynyň ýokary derejeli diplomatlary, adam hukuklaryny bozýanlary jezalandyrmak üçin blogyň täze döredilen sanksiýa resminamasynyň çäginde maliýe aktiwleri doňdurmak we wiza gadaganlygyny ulanmak ýaly çäreler rus... Читать дальше...

Azathabar.com 

Prezidentleriň çagalary hökümetde: bu Merkezi Aziýa üçin adaty ýagdaý

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleriniň çagalaryny möhüm wezipelere bellemegi we olary öz töwereginde saklamagy adaty bir ýagdaý. Olar köplenç wezipe orunlaryny üýtgedýärler, käbirleri aňsatlyk bilen hökümetiň başyna barýarlar. 11-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ogly Serdara birbada iki sany hökümet wezipesini tabşyrdy. Ony wise-premýer hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine belledi. Täze wezipeler bilen baglanyşykly Serdar Berdimuhamedow Howpsuzlyk Geňeşine hem goşuldy. Читать дальше...





Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus