Birleşen Ştatlar Eýranyň Günbatar döwletleri bilen baglaşan ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmegini islese, ol Tährana garşy girizen ähli sanksiýasyny ýatyrmaly diýip, Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi aýtdy. Bu habary 7-nj fewralda döwlet telewideniýesi berdi. "Eger-de olar Eýranyň öz üstüne alan borçnamalaryna gaýdyp gelmegini isleseler, ABŞ ähli sanksiýalary iş ýüzünde ýatyrmaly, soň biz sanksiýalaryň dogry ýatyrylandygyny ýa-da ýokdugyny göreris, soň bolsa borçnamalarymyza gaýdyp geleris" diýip, Hameneýi aýtdy. Читать дальше...
7-nji fewralda Birmada on müňlerçe adam ýygnanyp, golaýda bolan döwlet agdarylyşygyny ýazgardy we saýlanan lider Aung San Su Çiniň boşadylmagyny talap etdi. Bu 2007-nji ýylda demokratiýa geçilmegine kömek eden Safron rewolýusiýasyndan bäri geçirilen iň uly demonstrasiýa boldy. Harby hunta garşy giň ýaýran protestleriň ikinji gününde, ýurduň iň uly şäheri Ýangonda toplanan mähelle, Suu Çiniň partiýasynyň, Demokratiýa ugrundaky milli liganyň reňkini görkezýän gyzyl köýnek geýdi, gyzyl baýdak we gyzyl şar göterdi. Читать дальше...
“Ene-atalaryň köpüsinde çagalar bagynyň 80 manat tölegini tölemäge hem pul ýok, bu ýagdaý şäher ýerlerindäki çagalar baglaryndaky orunlaryň 40 göterim, oba ýerlerindäki çagalar baglaryndaky orunlaryň bolsa 80-90 göterim boş durmagyna alyp geldi” diýip, Lebapdaky habarçymyz aýdýar.
Rus häkimiýetleri türmä basylan oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň tarapdarlaryny tussag etmegini dowam etdirdi we, hökümete garşy hiç hili ýöriş planlaşdyrylmadyk hem bolsa, ýurduň ikinji uly şäheriniň merkezini ýapdy. Sankt-Peterburgyň merkezine eltýän ýollary petiklemek üçin 6-njy fewralda gar aýrylýan enjamlar ulanyldy, bu ýerde soňky iki dynç gününde Nawalnynyň tussag edilmegine garşy uly ýörişler geçirilipdi. Polisiýa oppozisiýa tarapdarlaryna garşy 30 reýd geçirilendigini aýtdy. Читать дальше...
Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa 7-nji fewraly Belarus bilen raýdaşlyk güni diýip yglan edip, halkara liderlerini, aktiwistlerini, žurnalistleri we belarus dostlarynyň ählisini diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny we täze saýlaw geçirilmegini talap edýän demonstrantlary goldamaga çagyrdy. Tihanowskaýa belaruslaryň 9-njy awgustda geçirilen "galp" prezident saýlawyndan bäri, "režimiň bikanunlygyna garamazdan, tutanýerli we batyrgaý bolup, demokratiýany we azatlygy talap edendiklerini” aýtdy. Читать дальше...
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Demirgazyk Owganystanda çadyrlarda ýaşaýan içerki bosgunlaryň ýyladyş, saglyk we iýmit üpjünçiligi bilen bagly problemalaryna gönükdirilýär.