Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Hytaýyň Gazagystandaky ilçihanasynyň öňünde Sinszýandaky tussaglary boşatmak boýunça protestler dowam edýär

On töweregi adam, esasanam aýallar, Hytaýyň demirgazyk-günbatar sebitinde ýerleşýän Sinszýan regionynda saklanýan garyndaşlarynyň boşadylmagy baradaky talaplaryny dowam etdirmek üçin Gazagystanyň iň uly şäheri Almatydaky Hytaý konsullygyna ýygnandy.


Demonstrantlar 22-nji fewralda Hytaýda tussag edilen garyndaşlarynyň suratlaryny we Hytaý hökümetinden "genosidi bes etmegi" we ähli "bigünä adamlary Sinszýandaky lagerlerden boşatmagy" talap edýän şygarlary öňe sürdüler.


"Men bu ýere inim Kalypbek Babamyň derrew boşadylmagyny talap etmek üçin geldim. Ol 2019-njy ýylda "Gazaklaryň hasraty" atly eserini köpçülige mälim edensoň tussag edildi we şondan bäri aragatnaşykdan mahrum edilip saklanýar. Sinszýan welaýatynyň häkimiýetleri inimiň garşysyna bildirilýän aýyplamalar barada hiç hili maglumat bermediler we inimiň kazyýet işi entek geçirilmedi. Men onuň ykbalyna aladalanýaryn" diýip, demonstrantlaryň biri Kumiskan Babam Azatlyk Radiosyna aýtdy.


Soňky ýyllarda Gazagystanda şuňa meňzeş köp sanly demonstrasiýa bolup geçdi, demonstrantlar Gazagystanyň häkimiýetlerinden Sinszýanda etniki gazaklaryň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýyna resmi taýdan goşulyşmagyny talap etdiler.


ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2 million çemesi uýgur, gazak we Sinszýan welaýatynyň beýleki ýerli ilatynyň, esasanam musulman etnik toparlaryň agzalarynyň tussag merkezlerinde saklanýandygyny habar berdi.


Hytaý bu desgalaryň tussaghanadygyny inkär edýär.


Welaýatdan gaçyp giden adamlar, Sinszýandaky müňlerçe etniki gazaklaryň, uýgurlaryň we beýleki musulmanlaryň resmi taýdan terbiýeleýiş lagerleri diýlip atlandyrylýan desgalarda "syýasy öwüt" alýandyklaryny aýdýarlar.


Gazaklar, Sinszýanda uýgurlardan soň sany boýunça ikinji orunda durýan türk dilli ýerli jemgyýetdir. Şeýle hem bu sebitde gyrgyzlar, täjikler we dunganlar ýaşaýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus