Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ankarada türkmen energiýa baýlyklaryny Ýewropa ýetirmek mümkinçiligi maslahat ediler

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredow Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan arasyndaky üç taraplaýyn gepleşiklere gatnaşmak üçin 22-24-nji fewral aralygynda Ankara barar. 


Bu saparyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 21-nji fewralda gol çeken buýrugyna görä geçirilýändigi, Meredowyň Türkiýäniň paýtagtynda türkmen-türk ministrleri arasyndaky maslahata, şeýle hem Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan arasynda üç taraplaýyn gepleşiklere gatnaşjakdygy ýarym resmi "Tukrmenportal" onlaýn neşriniň maglumatynda aýdylýar. 


Üç ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçiriljek gepleşikleriň esasy meseleleriniň biri, 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzindäki "Dostluk" uglewodorod ýatagyna degişli özara düşünişmek hakynda memoranduma gol çekilen soň, türkmen energiýa baýlyklaryny Ýewropa ýetirmek mümkinçiligine degişli bolar diýlip, maglumatda aýdylýar. 


“Dostluk” Hazar deňzinde Azerbaýjanyň hem-de Türkmenistanyň araçägine ýakyn aralykda ýerleşýän uglewodorod ýatagynyň täze adydyr. Bu ýangyç käni ozal Azerbaýjanda “Kepez” Türkmenistanda “Serdar” diýlip atlandyrylýardy. Ýangyç käniniň eýeçilik hukugy boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda mundan ozal düşünişmezlikler bolupdy.


Hazar deňzindäki “Dostluk” ýangyç känini bilelikde özleşdirmek we ösdürmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Memorandumyna gol çekişlik dabarasyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew bu resminamany türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda “täze tapgyr” atlandyrdylar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus