Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow 29-njy maýda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň ýurduň çäginden geçýän böleginiň gurluşygy barada hasabat berdi. "Bu desga polat turbalar bilen doly üpjün edildi, gaz geçirijiniň türkmen böleginde turba geçirijiniň hem-de gaz gysyjy desgalaryň gurluşyk işlerine tehniki gözegçiligi amala aşyrmak barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Gonkongyň degişli kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşyldy" diýip, habarda aýdylýar. Читать дальше...
Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň 6-njy maýda beren maglumatyna görä, çekirtgeler Türkmenistandan diňe Özbegistana uçup geçmeýär, eýsem Kerki etrabynyň ekin meýdanlaryna, bugdaýa hem hüjüm edýär.
Iki aýdan gowrak wagt içinde Saud Arabystanyndaky müňlerçe metjit ilkinji gezek açyldy. Ybadat edýänlere koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin berk düzgünleri berjaý etmek tabşyryldy. Emma yslamyň Mekgedäki iň keramatly ýeri henizem hemmeler üçin ýapyklygyna galýar. Iýerusalimdäki Al-Aksa metjidi hem mart aýynda ýapylaly bäri ilkinji gezek gapylaryny açdy. Bu metjit musulmanlar üçin Saud Arabystanyndaky Mekgeden we Medineden soň üçünji mukaddes ýer bolup durýar. Täze çäreler Saud Arabystany... Читать дальше...
"Yslam döwleti" (YD) ekstremist topary ýerli teleýaýlymyň işgärlerini alyp barýan mikroawtobusda owgan žurnalistini we tehnigi öldüren bomba partlamasynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Paýtagt Kabulda 30-njy maýda, agşamara gatnawlaryň gürelen wagtynda guralan hüjümde azyndan ýedi adam ýaralandy. "Ykdysady habarçy kärdeşlerimiz Mir Wahed Şah we tehniki bölümiň işgäri Şafik Amiri bu hadysada şehit boldy" diýip, hususy Khurşid teleýaýlymynyň baş müdiri Muhammad Rafi Rafik Sediki aýtdy. ... Читать дальше...
Jyns deňligi babatda adalaty talap edýän demonstrantlar 30-njy maýda ABŞ-nyň birnäçe uly şäherinde ýöriş gurady, akýagyz polisiýa işgäriniň elinden ýene bir garaýagyz adamyň ýogalmagy sebäpli möwjän gahar-gazap ýurduň köp ýerinde içerki tolgunyşyklaryň döremegine alyp geldi. Demonstrantlaryň köpüsi düzgün-tertibe üns bermän, ulag hereketiniň ýoluny baglady, ot ýakdy, aýna döwdi we polisiýa bilen çaknyşdy. Protestler ilki, zorlukly hereketlere ýazmazyndan öň, asudalykda başlandy. Jorj Floýdyň... Читать дальше...
Ilon Maskyň “SpaceX” kompaniýasy Halkara kosmos stansiýasyna pilotly “Crew Dragon” gämisini uçurdy, bu kosmos uçuşlarynyň taryhynda hususy kompaniýanyň kosmosa ilkinji gezek astronawtlary uçuryşy boldy. “Crew Dragonyň” bortunda iki amerikansynagçy piloty – Duglas Hýorli we Robert Banken uçdy. “Falcon 9” raketa göterijisi Floride ştatyndaky Kaneweralda ýerleşýän kosmodromdan uçuryldy. “Настоящее Время” kosmodromda bolup geçýän wakany göni efirde alyp görkezdi: “SpaceX” astronawtlaryny kosmosa uçurmak ikinji synanyşykda mümkin boldy... Читать дальше...
Dünýä Türkmenleriniň bu sany paýtagtdan Lebaba meýletinçi raýatlaryň özbaşdak başlangyçlary bilen häkimiýetlerden ýaşyryn iberýän ýardamlary hem-de olara okyjylarymyzyň we diňleýjilerimiziň bildiren seslenmelerine gönükdirilýär.