Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanda prezidente zähmetkeşleriň adyndan berilýän at sowgatlary, prezidentiň adyndan berilýän sowgatlar haýsy serişdeleriň hasabyna edilýär, bu kadaly ýagdaýmy ýa-da korrupsiýa; Türkmenistanyň Owganystana iberýän ynsanperwer kömekleri bu ýurtda dowam edýän korrupsiýanyň ‘pidasy’ bolup bilermi diýen soraglar esasynda geçiren söhbetlerimizi diňläp, bu meseleler boýunça öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Gazagystanyň Türküstan sebitiniň häkimiýetleriniň maglumatyna görä, goňşy Özbegistandaky Sardoba suw howdanynyň bendiniň böwsülmegiMaktaaral etrabynyň dört obasyndan takmynan bäş ýarym müň adamyň ewakuasiýa edilmegine alyp geldi. Häkimligiň maglumatyna laýyklykda, Özbegistanda suw howdanyndaky suwuň derejesini peseltmek üçin serhetýaka suw ýygnaýjylaryny suwdan dolduryldy.Maktaaral etraby bilen serhetde ýerleşýän suw ýygnaýjy dolup-daşdy wesuw Türküstan sebitiniň ilatly nokatlarynyň üstüne gaýtdy. Читать дальше...
Azatlyga, ýel-harasadyň jaýlara, binalara ýetiren zyýanyny görkezýän suratlar bilen bilelikde, açyk meýdanda, demir gözenekli haýatyň gapdalyndaky köçede ölüp ýatan adamyň jesedini görkezýän surat hem gelip gowuşdy.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn soňky 20 günde birinji gezek jemgyýetçilige göründi. Onuň köpçülige görünmezligi dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biriniň baştutanynyň saglyk ýagdaýy hakynda gep-gürrüňleriň ýaýramagyna alyp geldi. Koreýanyň merkezi habar gullugy 2-nji maýda Kim Çen Ynyň Phenýanyň eteginde gurlan dökün öndürýän zawodyň dabaraly açylyşyna gatnaşyp, lenta kesendigini habar berdi. Altynjy gün çap edilen suratlarda lideriň ýylgyryp, kömekçileri bilen gürleşişi we zawody gözden geçirişi görkezilýär. Читать дальше...
Türkmenistan dünýäde on müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolan global COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygyny harby parad we baýramçylyk dabaralary bilen bellär. Mundan başga, türkmen prezidenti GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň hem ählisinde ýubileý dabaralaryny gurnamagy we bu baýramçylyga taýýarlyk görmekde olara kömek bermegi teklip edýär. Käbir neşirleriň maglumatyna görä, harbylar Aşgabatda “Halk hakydasy” ýadygärliginiň golaýyndaky meýdançada... Читать дальше...
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokýaew ýurduň ozalky prezidentiniň gyzy Dariga Nazarbaýewanyň parlamentiň ýokarky palatasyna, senata başlyklyk etmek boýunça ygtyýarlyklaryny ýatyrdy. Bu kararyň näme bilen baglydygy anyklaşdyrylmaýar. Tokaýew twitterde oňa “işjeň we öndürijilikli işi” üçin minnetdarlyk bildirdi. Senatyň resmi saýtynda Nazarbaýewanyň ygtyýarlyklarynyň ýatyrylýandygy barada maglumat berilmedi. Bu saýtda soňky çap edilen maglumat 1-nji maýa degişli, onda Nazarbaýewa watandaşlaryny... Читать дальше...
Azatlyk zähmetkeşleriň adyndan prezidente her biri onlarça müň dollara durýan atlaryň sowagt berilmeginiň dowam etdirilmeginiň mümkin bolan sebäpleri hakynda bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow bilen söhbetdş boldy
Bu gezek prezidente at sowgat berilmegi pajygaly tebigy hadysa gabat geldi we ýaşaýjylara uly möçberlerde maddy zyýan ýetiren, adam ýitgilerine getiren harasatly ýel döwlet baştutanynyň raýatlaryň öňündäki borçlaryna ýene bir gezek ünsi çekdi diýip, synçy aýtdy.