Birleşen Ştatlar BMG-nyň adaty ýarag söwdasy babatdaky embargosyny nämälim möhletde uzaltmak isleýär we ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Birleşen Ştatlaryň bu maksada ýetmek üçin bar bolan ähli serişdäni ulanjakdygyny aýtdy.
Merkezi Aziýanyň iň uly bazary bir aý bäri ýapyk dur. Bu COVID-19-dan ozal ol ýerde işlän Bişkekdäki 50 müň töweregi adamyň aç galmagyna we garyp düşmegine getirdi. Ol adamlaryň käbirleri bazaryň gapdalyndaky ýük konteýnerlerde ýaşaýar, beýlekiler bolsa gyrgyz paýtagtynyň iň uly bazarynyň golaýyndaky zibilhananyň ýanyndaky wagtlaýyn jaýlarda ýaşaýar.
27-nji aprelde Maryda gopan harasatda azyndan bäş adam öldi, ondan köp hem bolmagy mümkin diýip, Azatlyk Radiosynyň golaýda Mary welaýatyna sapar eden aşgabatly habarçysy 13-nji maýda habar berdi.
COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýan sanlyja dünýä ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistan BSG-niň sosial we arassaçylyk rekomendasiýalarynyň ençemesini, şol sanda adamlaryň sosial distansiýa saklamagy, kontaktdan gaça durmagy, medisina maskalaryny dakynmagy, jemgyýetçilik ýerleriniň uçdantutma dezinfeksiýa edilmegi we ilat arasynda keseli anyklamak boýunça testleri giň derejede geçirmegi ýaly çareleri berjaý etmeýär. Emma bu ýagdaýda ýurduň prezidenti özüni we öz ýakynlaryny goramak üçin çäre görýär. Читать дальше...
Aşgabatda dürli reňkdäki awtoulaglary saklap, sürüjilerden ulaglaryny ak reňke boýamak talaby gaýtadan güýçlendi. Türkmenistanda BMW we Mercedes-Benz awtoulaglaryny sürmegi gadagan etmek barada döwlet resmileri derejesinde maslahat edilýär.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani, 12-nji maýdaky gazaplylyklarda azyndan 40 adamyň öldürilmeginden soň, ýurduň howpsuzlyk güýçlerine “Talybana” we beýleki jeňçi toparlaryna garşy hüjüme geçmäge görkezme berdi. Gani telewideniýede eden çykyşynda mundan bir gün öňki we “ýurtdaky beýleki hüjümlere” “Talybanyň” we “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileriniň jogapkärdigini aýtdy. Ol “owgan howpsuzlyk güýçlerine goranmagyň deregine hüjüme geçmäge, şeýle-de duşmanlara garşy harby operasiýalary başlatmaga” görkezme berendigini aýtdy. Читать дальше...
Ýerli synçy Kremliň Aşgabady gaýtadan öz orbitasyna getirmek üçin diňe gaz söwdasyny, Berdimuhamedowy we onuň atasyny götergilemek usulyny däl, eýsem gorkuzmak, türkmen ýolbaşçylaryny sebitdäki terrorçylyk howpuna göz ýummakda aýyplamak usullaryny hem ulanýandygyny öňe sürdi.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) 13-nji maýda Ysraýyla sapar edip, premýer-ministr Benýamin Netanýahu we Ysraýylyň täze hökümeti bilen meseleleriň giň gerimini, şol sanda Eýranyň Ýakyn Gündogardaky hereketlerini we COVID-19 pandemiýasyny maslahat edýär. Gepleşikleriň dowamynda “Eýranyň sebiti durnuksyzlaşdyrmak boýunça alyp barýan çäreleri, Siriýadaky hereketleri we Hizballanyň Liwandaky işleri” hem maslahat ediler diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Ýakyn Gündogar boýunça kömekçisi... Читать дальше...
Rus prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskowyň we onuň aýaly Tatýana Nawkanyň koronawirus bilen keselländigi ýüze çykaryldy we olar bejergi üçin keselhana ýerleşdirildi. “Hawa, men keselledim. Men bejergi alýaryn” diýip, Peskow 12-nji maýda rus mediasyna aýtdy. Peskowyň aýaly Nawka hem özünde COVID-19 wirusynyň ýüze çykarylandygy we adamsy bilen keselhana ýerleşdirilendigini mälim etdi. Peskow koronawirus bilen kesellän ýokary derejeli rus resmileriniň soňkusydyr. Mundan öň... Читать дальше...
Gazagystanda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň 20 töweregine wekilçilik edýän onlarça aktiwist hökümetiň koronawirus pandemiýasynyň öňüni almak boýunça çykarylan milliardlarça dollary nähili sarp edendigi barada jikme-jik maglumat bermegini talap etdi. 12-nji maýda kabul edilen ýüzlenmede aktiwistler prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Gazagystanda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak tagallalarynyň çäklerinde 13 milliard dollaryň harçlanandygy baradaky geçen hepde eden çykyşyna salgylandylar. Читать дальше...