Iki aýdan gowrak wagt içinde Saud Arabystanyndaky müňlerçe metjit ilkinji gezek açyldy.
Ybadat edýänlere koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin berk düzgünleri berjaý etmek tabşyryldy.
Emma yslamyň Mekgedäki iň keramatly ýeri henizem hemmeler üçin ýapyklygyna galýar.
Iýerusalimdäki Al-Aksa metjidi hem mart aýynda ýapylaly bäri ilkinji gezek gapylaryny açdy. Bu metjit musulmanlar üçin Saud Arabystanyndaky Mekgeden we Medineden soň üçünji mukaddes ýer bolup durýar.
Täze çäreler Saud Arabystany we dünýäniň beýleki ýurtlary aýlap dowam eden çäklendirmeler we petiklenmeler esasynda girizen berk dzgünlerini gowşadyp başlandan soňra görüldi.
Saud Arabystanynda hökümet yslamyň mukaddes kitaby bolan Gurhanyň nusgalarynyň goýlan tekjelerini, namaz halylaryny, ýuwnulýan otaglary arassalanyndan soň, 90 müň töweregi metjidiň gapylaryny açdy.
Yslam Işleri ministrligi namaz wagtynda iki metr aralygy saklamak, elmydama ýüz maskalaryny geýmek we bir-birek bilen elleşip, gujaklaşyp görüşmekden saklanmak ýaly, köpçülikleýin namaz wagtynda girizlen täze düzgünler barada millionlarça SMS iberendigini aýtdy.
Çäklendirmeler metjitleriň gündelik bäş wagt namazyň hersinden 15 minut öň açylmagyny we namaz okalandan 10 minut soň ýapylmagyny talap edýär.