Döwlet telewideniýesinde Aşgabadyň Parahat 7 etrapçasynda çarşenbe güni ulanylmaga berlendigi aýdylýan täze ýaşaýyş jaý toplumlary, aslynda, doly ulanylmaga berilmedi.
Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy welaýatyň hassahanasynda onkologiýa keselleri bilen kesellänleriň köpdügini aýdýar. Munuň bilen baglylykda näsaglaryň köpüsini Aşgabadyň onkologiýa merkezine ýollaýandyklaryny aýdýar.
Lebap welaýatyndaky edara-kärhanalaryň işgärlerinden Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyklar üçin 30 manat möçberinde pul ýygnalýar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär.
Türkmen häkimiýetleri korrupsiýa bilen bagly jenaýatlary etmekde günäli bilnip, iş kesilen adamlaryň günäsini geçmezlik kararyna geldi.
Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýewe, awgust aýynda ozalky prezidentiň tarapdarlary bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky iki günlük gapma-garşylygyň dowamynda, howpsuzlyk güýçleriniň ofiserini öldürmekde aýyplama bildirildi. Içeri işler ministri Kaşkar Januşaliýewiň sözlerine görä, Atambaýewe polkownik Usenbek Niýazbekowy atyp öldürmek işi boýunça şübheli hökmünde geçýändigi barada duýdurylypdyr. Alty çaganyň kakasy Niýazbekow 7-nji dekabrda Bişkegiň etegindäki Koi-Taş obasyndaky... Читать дальше...
Türkmenistanyň milli haly dokamak sungaty ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu baradaky karara 9-14-nji dekabr aralygynda Kolumbiýanyň Bogote şäherinde geçirilen Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisiniň dowamynda gelindi. Mundan öň, şu aýyň başynda Türkmenistan bu baradaky degişli teklip bilen ýüz tutupdy. 2017-nji ýylda “küştdepdi” hem ÝUNESKO-nyň milli sungatynyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizilipdi.
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad, “Talybanyň” Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky esasy harby bazasyna eden hüjüminden soň, jeňçi topary bilen alnyp barylýan gepleşiklere “gysga wagtlyk arakesme” berlendigini aýtdy. Çarşenbe güni “Talyban” söweşijileri ABŞ-nyň Bagramdaky harby bazasyna hüjüm edip, parahat ilatyň hataryndan azyndan iki adamy öldürdi, başga-da 70 adamy, şol sanda bäş gürji esgerini ýaralady. Geçen hepde ABŞ, üç aýa çeken arakesmeden soňra, “Talyban” bilen gepleşiklere ýaňadandan başlapdy. Читать дальше...
Britaniýada Breksiti goldaýan Konserwatiw partiýa irki parlament saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazandy. Bu premýer-ministr Boris Jonsonyň ýurdy Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykarmak tagallalaryna uly mümkinçilik berdi. Tas ähli sesleriň sanalmagy netijesinde Jonsonyň partiýasy parlamentiň aşaky öýündäki 650 ornuň 364-ni almagy başardy. Konserwatiwleriň ýeňişinden soň, Jonson Britaniýanyň, planlaşdyrylyşy ýaly, 31-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykjakdygyny aýtdy. “Men bu boş gürrüňlere soň berip... Читать дальше...
ABŞ-nyň Senaty mundan bir asyr ozal Osman imperiýasynyň ermenileri köpçülikleýin ýagdaýda öldürmegini genosid diýip ykrar edýän rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Ermenistanyň premýer-ministri muny “adalatyň we hakykatyň dabaralanmagy” diýip, atlandyrdy. Rezolýusiýada 1915-1923-nji ýyllar aralygynda 1,5 million töweregi ermeniniň öldürilmegi ykrar edilýär. “Dünýä ýüzündäki ermenileriň adyndan men bu möhüm kanun bilen baglylykda Senata çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin” diýip, Ermenistanyň... Читать дальше...
Bişkegiň sudy Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň (Azattyk), onuň habarçysynyň we Kloop gyrgyz agentliginiň bank hasaplaryny doňdurmak barada höküm çykardy. Bu ýokarda agzalanlaryň ýurduň gümrük gullugyndaky mümkin giň parahorlyk we pullaryň uly möçberde daşary çykarylmagy baradaky bilelikdäki derňewiniň yzýanyna gabat geldi. Azatlyk Radiosynyň Bişkekdäki edarasyna 12-nji dekabrda Swerdlow etrap sudunyň 11-nji dekabrdaky hökümi gowşuryldy. Onda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ali Toktakunowyň,... Читать дальше...
Özbek resmileri ýurduň ozalky prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowa ýuridiki ýardamy beren şweýsariýaly aklawçyny etika kadalaryny bozmakda aýyplap, onuň Özbegistana girmegine gadagançylyk girizdi. Gregoire Mangeat 11-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna ugradan beýanatynda özbek resmileriniň özüne bildirýän aýyplamalaryny ret etdi. Ol özbek häkimiýetlerini Daşkendiň türmesinde saklanylýan Gülnara Kerimowanyň ýagdaýy barada habar tutmagynyň öňüni almakda aýyplady. Gülnara Kerimowa bir wagtlar telekeçi, estrada aýdymçysy bolupdy. Читать дальше...
Azyk harytlarynyň töleglerini diňe bank kartlary arkaly amala aşyrmagy talap edýän Aşgabadyň döwlet dükanlarynda töleg terminallary kadaly işlemeýär.