ABŞ-nyň Senaty mundan bir asyr ozal Osman imperiýasynyň ermenileri köpçülikleýin ýagdaýda öldürmegini genosid diýip ykrar edýän rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Ermenistanyň premýer-ministri muny “adalatyň we hakykatyň dabaralanmagy” diýip, atlandyrdy.
Rezolýusiýada 1915-1923-nji ýyllar aralygynda 1,5 million töweregi ermeniniň öldürilmegi ykrar edilýär.
“Dünýä ýüzündäki ermenileriň adyndan men bu möhüm kanun bilen baglylykda Senata çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin” diýip, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan Twitterde ýazgy galdyrdy.
Oktýabryň aýagynda ABŞ-nyň Wekiller Öýi hem şuňa meňzeş rezolýusiýany kabul edipdi.
Türkiýäniň prezidentiniň komunikasiýa direktory bu iki rezolýusiýanyň “iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara uzak möhletleýin zyýan ýetirjek” “jogapkärçiliksiz we irrasional hereket” bolandygyny aýtdy.