Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanyň IIM-niň ozalky başlygynyň we ozalky gümrük resmisiniň parahorlyklarynyň ‘üstüniň açylmagynyň’ mümkin bolan sebäpleri, türkmen-özbek-owgan elektrik hyzmatdaşlygy we Owganystanyň özüni energiýa bilen üpjün etmek mümkinçilikleri baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Eýran bilen Birleşen Ştatlar aýlara uzan dartgynlyklardan soň, Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky bir böwsüş ädimi bolup biljek ylalaşyga gelip, tussaglary alyşdy. 7-nji dekabrda Eýranda tussaglykda saklanylýan Siýue Waň (Xiyue Wang), Prinston uniwersitetiniň aspiranty bilen Birleşen Ştatlarda tussaglykda saklanylýan eýranly professor Massoud Soleimani çalşyldy. Ak tamyň beýanatynda prezident Donald Trampyň Waňyň azatlyga çykandygyny tassyklap, “ol Birleşen Ştatlara dolanyp gelýär” diýendigi aýdylýar. Читать дальше...
Özbegistanyň Medeniýet ministrligi tanymal bagşynyň hatyrasyny tutup, “Watan bilbili” ady bilen milli bäsleşik gurnady. Bagşylar bu bäsleşikde Otajon bagşynyň aýdan aýdymlaryny aýdýarlar.
7-nji dekabrda, Orsýet bilen mundan aňryk hem garylyp-gatylmak planlaryna protest bildirmek üçin, ýüzlerçe adam belarus paýtagty Minskde ýörişe Сykdy. Protestçileriň köpüsi ilkinji garaşsyz belarus döwletiniň gadagan edilen gyzyl çyzykly baýdagyny göterse, beýlekileri şäheriň içinde edilen ýöriş wagtynda ÝB baýdagyny göterdi. Tussag etmeler barada häzirlikçe maglumat ýok. Bu demonstrasiýalar Orsýetiň we Belarusyň liderleriniň iki ýurduň arasyndaky bileleşik şertnamasyny maslahatlaşmak üçin 7-nji dekabra bellenen duşuşygyna gabatlanyp... Читать дальше...
BMG-niň hukuklar başlygy Eýranyň howpsuzlyk güýçlerini protestçilere garşy “ýowuz zorluk” ulanmakda we geçen aýda ýangyç bahalarynyň kesgin ýokarlanmagyna garşy guralan demonstrasiýalar mahalynda adamlary “öldürmek niýeti bilen” oka tutmakda aýyplaýar. BMG-niň adam hukuklary boýunça komissary Mişel Baçelet (Michelle Bachelet) 6-njy dekabrda özüniň golaýda bolan protestlerde pida bolanlar, tussag edilen müňlerçe adama çemeleşilişi boýunça aýdyňlygyň bolmazlygyndan howsala düşendigini aýtdy. “Tassyklanan... Читать дальше...
“Türkmenhowaýollary” ÝB gadagançylygy esasynda 10 aýa çeken arakesmeden soň, altynjy gün Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryny gatnawlaryny dikeltdi diýip, AFP Aşgabatdan habar berýär. Neşiriň habarçysy Türkmenistanda 50 sany ýolagçynyň Frankfurta uçýan türkmen uçaryna (0700 GMT) münmek üçin nobatda durandyklaryny gördi diýip, habarda aýdylýar. Bu türkmen awia kompaniýasynyň uçarlarynyň Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi (ÝAHA) 4-nji fewralda gadaganlyk girizmezinden öň ýolagçy gatnadýan menzilleriniň biridi. Читать дальше...
Sud Gyrgyzystanyň ozalky premýer-ministri Sapar Isakowy, 2013-nji ýylda Bişkekdäki Ýyladyş elektrik stansiýasyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyndan uç alýan aýyplamalar esasynda, korrupsiýada günäli tapyp, 15 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Swerdlowsk etrap sudunyň sudýasy Inara Gilýazetdinowa 6-njy dekabrda Isakowa çykarylan hökümi yglan edende, onuň emläkleriniň konfiskasiýa edilýändigini, diplomatik durumynyň ýatyrylýandygyny hem aýtdy. Korrupsiýa boýunça geçirilen galmagally sud seljerişligi ozalky... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy dekabrda, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, 528 tussagyň günäsini geçmek hakyndaky karara gol çekdi.