Aşgabatda zenan sürüjileriň täze sürüjilik şahadatnamalaryna eýe bolmakda we möhleti geçen dokumentini täzelemekde çekýän kynçylyklary dowam edýär. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
Türkmenistanda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ikinji bolup ýerine ýetiren Mary welaýatynda býujet işgärlerinden “ýygym üçin” pul ýygnamak işleri dowam edýär.
Geçen hepde Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar we Serhetabat (ozalky Guşgy) etraplarynda, şeýle-de Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän harby birikmelerinde harby kasam kabul ediş dabaralary geçirildi.
Eýranda ýangyç bahasynyň aşa ýokarlanmagy netijesinde, ýurduň onlarça şäherinde ölümli protestleriň başlanany bäri aradan üç gün geçendigine garamazdan, dartgynlyk şindi-de öňküsi ýaly ýokary.
Pakistan TOPH gaz geçiriji kompaniýasy (TAPI Pipeline Company Ltd) bilen tebigy gazyň bahasyna täzeden seredýär. Munuň yz ýany, milliardlarça amerikan dollary möçberindäki gaz geçirijiniň “Pakistan böleginiň” düýbini tutmak dabarasy bolar diýlip, “Associated Press of Pakistan” neşiriniň habarynda aýdylýar. “Biz Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasy boýunça täze ylalaşykly bahany gazanmaga synanyşýarys. TOPH gaz geçiriji kompaniýasy bilen gazyň bahasyna täzeden... Читать дальше...
Belaruslylar parlament saýlawlarynda ses beren mahaly, prezident Alýaksandr Lukaşenka ýurduň 2020-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynda ýene bir möhlet bilen saýlanmaga synanyşjakdygyny tassyklady. 17-nji noýabrda Minskde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Lukaşenka prezident saýlawlaryndan öň ýurduň konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmek “akmaklyk bolardy” diýip, eger halk özüni goldamasa, häkimiýetde galmak üçin jan etmejekdigini hem belledi. Lukaşenka 9,5 million ilatly ýurdy 1994-nji... Читать дальше...
Gijäň ýary hökümete garşy ýüzlerçe protestçiniň gatnaşmagynda bolan ýowuz gapma-garşylyklardan soň, Hong Konguň polisiýasynyň uniwersitetiň okuw meýdançasynyň daşyny gurşap alýandygy barada habar berilýär. 18-nji noýabrda irden ofiserler Politehnika uniwersitetiniň okuw meýdançasyndan gaçyp çykmaga synanyşan onlarça protestçini saklamak üçin göz ýaşardyjy gaz, rezin oklary we taýaklary ulandy. Birnäçe adam tussag edildi. Polisiýa protestçileriň okuw meýdançasyndan gidip biljekdigini aýtdy... Читать дальше...
Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas Kiýewe sapar edýän mahaly, Russiýanyň ele salnan ukrain harby gämilerini 18-nji noýabryň dowamynda yzyna bermegine garaşylýar. 17-nji noýabrda irden gürrüňi edilýän üç gäminiň Gara deňziň kenarynda ýerleşýän Krym ýarymadasynyň gündogar kenaryndan aýrylýandygy görüldi. Olaryň golaýynda Russiýanyň harby deňiz gämilerini görse bolýardy. Interfax neşiri Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugyndaky (FSB) çeşmä salgylanyp, gämileri yzyna bermek çäresiniň... Читать дальше...
18-nji noýabrda amala aşyrylan iki utgaşykly partlamada Owganystanyň Milli armiýasynyň azyndan dört esgeri ýaralandy diýip, polisiýa we içeri işler ministri AP habar agentligine beren maglumatynda aýtdy. Resmiler bu partlamalarda Kabulyň harby tälim-türgenleşik merkeziniň nyşana alnandygyny belleýärler. Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nasrat Rahiminiň Twitterde ýazan maglumatynda janyndan geçen hüjümçileriň amala aşyran partlamalaryň owgan paýtagtynyň günbatar böleginde... Читать дальше...