Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Kabuldaky partlamada owgan armiýasynyň azyndan dört esgeri ýaralandy

18-nji noýabrda amala aşyrylan iki utgaşykly partlamada Owganystanyň Milli armiýasynyň azyndan dört esgeri ýaralandy diýip, polisiýa we içeri işler ministri AP habar agentligine beren maglumatynda aýtdy. Resmiler bu partlamalarda Kabulyň harby tälim-türgenleşik merkeziniň nyşana alnandygyny belleýärler.


Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nasrat Rahiminiň Twitterde ýazan maglumatynda janyndan geçen hüjümçileriň amala aşyran partlamalaryň owgan paýtagtynyň günbatar böleginde yzly-yzyna bolan hüjümleriň yzýanyna gabat gelendigini aýtdy.


Bu hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almaýan mahaly, wakanyň bolan ýerine tiz kömek gullugynyň işgärleri we derňewçiler bardylar.


Bu hüjümler 13-nji noýabrda janyndan geçeniň amala aşyran ulagly bomba partlamasynda 12 adamyň, şol sanda birnäçe çaganyň öldürilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Şol partlamada Kabuldaky hususy howpsuzlyk şereketiniň kerweni nyşana alnypdy.


Geçen hepde owgan prezidenti Aşraf Gani “Talybanyň” tussaglykdaky ýokary derejeli üç wekiliniň boşadyljakdygyny yglan etdi, ýöne soňra olary yzyna türmä iberdi.


Owgan hökümeti "Talybanyň" wekillerini Kabuldaky Amerikan uniwersitetiniň amerikaly we awstraliýaly iki professoryna çalyşmagy göz öňünde tutýardy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.


Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus