Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanyň prezidentiniň daşary ýurt saparlary we resmi Aşgabadyň wizasyz gatnaşyklary giňeltmezliginiň sebäpleri, owganystanly türkmenleriň Aşgabatda türkmen dilini kämilleşdirmek islegleriniň öňünde durýan päsgelçilik baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
30-njy noýabrda Eýranyň köp böleginde, şol sanda paýtagt Tähranda, howanyň hapalanmagynyň ýokary derejede bolmagy sebäpli, mekdepler, uniwersitetler ýapyldy diýip, döwlet mediasy habar berdi. Paýtagtda mekdepleri we ýokary okuw jaýlaryny ýapmak karary 29-njy noýabr güni giçlik, gubernatoryň orunbasary Mohammad Taghizadeh tarapyndan, howanyň hapalanmagy boýunça adatdan daşary komitetde bolan duşuşykdan soň yglan edildi. "Howanyň hapalanmagynyň ýokarlanmagy sebäpli, Tähran welaýatyndaky çagalar baglary... Читать дальше...
“Baş maksat sebiti Gündogar-Günbatar, Aziýa-Ýewropa ugurlary boýunça ulag-logistika we energetika akymlarynyň aýrylmaz bölegine hem-de has gysga we amatly bölegine öwürmek bolup durýar” diýip, türkmen prezidenti aýtdy.
Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda owgan milli goşunynyň uly derejeli serhet komandiri partlamanyň pidasy boldy. General Zahir Gul Mokbiliň münüp barýan awtoulagy 30-njy noýabrda irden, Nawa we Marja etraplarynyň aralygynda ýol ýakasynda gömlen bombanyň üstünden bardy diýip, welaýat gubernatory Mohammad Ýasin aýtdy. Helmand polisiýasynyň baş sözçüsi Zaman Hamdardyň aýtmagyna görä, Mokbil soňky bäş ýylda komandir boldy. Bu hüjümde ýene iki sany howpsuzlyk ofiseri ýaralandy diýip... Читать дальше...
“Amnesty International” geçen hepde Eýranyň ýüzden gowrak şäherini çaýkan gozgalaňlar basylyp ýatyrylanda öldürilen adamlaryň möçberine gaýtadan seredip, olaryň sanyny ozal 143 bolanlygyndan 161-e ýetirdi. “Eýranda öldürilen protestçileriň tassyklanan sany, “Amnesty International” guramasyna gelip gowşan ynamdar maglumatlara görä, azyndan 161 adama ýetdi” diýip, adam hukuklaryny goraýan guramanyň 29-njy noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna iberen beýanatynda aýdylýar. Düýbi Londonda ýerleşýän... Читать дальше...
Ozalky gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew 29-njy noýabrda ýapyk gapylaryň aňyrsynda suda geldi we 2013-nji ýylda guramaçylykly jenaýat başlygyny bikanun türmeden boşatmakda aýyplandy diýip, onuň aklawçysy aýtdy. Nädogry iş edendigini inkär edýän Atambaýew sud diňlenişigi mahalynda, protest edip, soraglara jogap bermekden boýun gaçyrdy diýip, onuň aklawçysy Sergeý Slesarýew žurnalistlere aýtdy. 63 ýaşyndaky Atambaýew Birinji Maý etrap sudundaky deslapky diňlenişiklere gatnaşmakdan boýun gaçyrdy. Читать дальше...
Golland polisiýasy 30-njy noýabrda bir gün ozal Haaganyň merkezinde üç adamy pyçaklap ýaralan adamy heniz hem gözlenýändiklerini aýtdy. Häkimiýetler demirýol stansiýalarynda we ýerli transport desgalarynda barlag, gözleg işlerini alyp barýarlar diýip, golland mediasy habar berdi. Ýaralanan üç adama hassahana getirilenlerinden birnäçe sagat soňra gitmäge rugsat berildi diýip, polisiýa pidalar we jenaýatyň sebäpleri hakynda detallary açmazdan aýtdy. Gollandiýanyň milli tele-radio edarasy NOS 29-njy noýabrda “dürli çeşmelere” salgylanyp... Читать дальше...
Sosial mediada peýda bolan wideolar London köprüsindäki geçegçileriň bir adamy tutup saklap duruşlaryny we polisiýanyň gelip, ol adamlary bir gyra kowup, güman edilýäni tüpeňleýşini görkezýär.