Aşgabadyň gündogaryndaky Änew şäheriniň iň köp ilatly punktlarynyň biri hasaplanýan Magtymguly etrapçasyndaky köçeleriň biriniň indi ençeme ýyl bäri bejerilmeýändigini, onuň gyşyna läbik, tomsuna tozan bolup durýandygyny, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Mihail Lesin üç ýyl gowrak mundan öň Waşingtondaky myhmanhana otagynda öli tapyldy.
Aşgabadyň bazarlarynda söwdegärler azyk harytlaryny döwlet tarapyndan kesgitlenen, arzanladylan nyrhdan satmaga öňküsi ýaly mejbur edilýär. Şol bir wagtda-da, polisiýanyň we resmileriň bu talabyň berjaý edilişine gözegçilikleri birneme gowşady.
Aşgabatlylar “Türkmentelekom” kompaniýasynyň kabel-telewideniýe hyzmatynyň hiliniň ýaramazlaşmagyndan, üstesine, töleg gijikmesi bahanasy bilen onuň yzygiderli kesilmeginden şikaýat edýärler.
Türkmenistanyň ýaragly güýçlerine harby gulluga saglyk taýdan ýaramaýan raýatlar alynýar. Häzirki wagtda ýurtda goşun gullugyna baharky çagyryşa taýýarlygyň çäginde gulluga alynjaklaryň medisina barlaglary alnyp barylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, medisina komissiýalarynyň işi 23-nji ýanwarda başlanyp, onuň aprele çenli dowam etmegine garaşylýar. Hususan-da, Lebap welaýatynda, saglyk komissiýalary ozalky ýyllardan tapawutlylykda agyr hassalygy sebäpli geçmişde harby gullukdan... Читать дальше...
Germaniýanyň paýtagty Berlinde türkmen-german işewürler maslahaty açyldy.
Özbegistanyň paýtagty Daşkentde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak göz öňünde tutulýar diýip, özbek mediasy habar berýär.
“Talyban” toparynyň wekilleri owgan parahatçylyk gepleşikleriniň çäginde, 18-nji fewralda ABŞ-nyň wekilleri bilen gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň geçiriljekdigini aýtdylar. Bu aralykda, Döwlet Departamenti ABŞ-nyň toparyna bu barada çakylygyň gowuşmandygyny aýtdy. “Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid gepleşikleriň Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçjekdigini aýtdy. Mundan bir hepde soň, ýagny 25-nji fewralda Katarda hem gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. “Talybanyň” beýanatyny görsek-de... Читать дальше...
Gazagystanda sud Hytaýdaky etniki gazaklaryň ýüzbe-ýüz meselelerini gün tertibine getiren toparyň liderini hasaba alynmadyk guramany dolandyrmakda günäli tapdy. Almatynyň sudy Serikžan Bilaşa 252 müň tenge, ýagny $670 dollar möçberinde pul jerimesini saldy. Bilaş suduň kararyna şikaýat etjekdigini, şeýle-de özüniň “Atažurt Eriktileri”, ýagny “Ata-Watanyň Meýletinçileri” toparynyň Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde ýaşaýan etniki gazaklaryň meselelerine ünsi çekmegini dowam etdirjekdigini aýtdy. Читать дальше...
Germaniýanyň Drezden şäherinde 11 müňe golaý adam diri zynjyry emele getirip, Ikinji Jahan urşy döwri, ýagny 1945-nji ýylda ýaran güýçleriniň bu şähere amala aşyran hüjümleriniň 74-nji ýyl dönümini ýatladylar. Guramaçylar her ýyl geçirilýän bu çäräniň parahatçylygy we raýdaşlygy alamatlandyrmak üçin geçirilýändigini bellediler. 1945-nji ýylyň 13-15-nji fewraly aralygynda britan we ABŞ uçarlary Drezdene yzygiderli howa zarbalaryny amala aşyrypdylar. Hüjümde şähere 3 müň 900 tonna golaý bomba oklanypdy. Читать дальше...
Eýranyň günorta-gündogarynda janyndan geçeniň amala aşyran bombaly hüjüminde Rewolýusiýa sakçylarynyň azyndan 27 agzasy öldi. Bu barada Eýranyň habar agentlikleri maglumat berýärler. Hüjümiň jogapkärçiligini sünni musulmanlarynyň “Jaiş al-Adl”, ýagny “Adalatyň armiýasy” topary öz üstüne aldy. Janyndan geçen içi partladyjyly ulagy Rewolýusiýa sakçylarynyň awtobusynyň üstüne sürüp, partlatdy. Hadysa Sistan-Bulujystan welaýatynyň Zahedan we Kaş şäherleriniň arasyndaky ýoluň ugrunda ýüze çykdy. ... Читать дальше...