Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady efirde Sonajemal diýlip tutulýan, 58 ýaşly türkmenabatly ene golaýda Mary welaýatyndaky bir harby bölümde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän oglunyň yzyndan barýar. Baranda ogluny harby bölümden tapyp bilmeýär.
Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi “Amerika ölüm” şygarynyň amerikan halkyna däl-de, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampa we kararlary kabul edýän beýleki amerikan şahsyýetlerine gönükdirilendigini aýtdy. “‘Amerika ölüm’ şygary Trampa, [Milli howpsuzluk boýunça maslahatçy] John Boltona we [döwlet sekretary Mike] Pompeo ölüm diýmegi aňladýar. Bu Amerikany dolandyryjylara ölüm diýmegi aňladýar” diýip, Hameneýi 8-nji fewralda aýtdy. Ol bu barada 1979-njy ýyldaky rewolýusiýanyň... Читать дальше...
Russiýa Birleşen Ştatlar Sowuk Urşy döwründe gelnen ýadro ylalaşygyny berjaý etmäge dolanmak üçin NATO agza Rumynýadaky raketa goranyş sistemasyny ýok etmelidir diýdi. 2-nji fewralda Birleşen Ştatlar Moskwa, aýdylmagyna görä, pakty bozýan çärelerinden dänmese, onda özüniň 1987-nji ýylda baglaşylan “Orta aralykly ýadro güýçleri” (INF) şertnamasyndan alty aýyň dowamynda yza çekiljekdigini yglan etdi. Moskwa özüniň bu şertnamany bozmaýandygyny aýdýar. Mark 41 (Mk 41 VLS) wertikal atyş sistemasy... Читать дальше...
Gyrgyzystanda terrorçylykly hüjümi amala aşyrmak üçin jenaýat toparyny döretmegi planlaşdyrmakda güman edilip, daşary ýurt raýaty tussag edildi diýip, 8-nji fewralda Gazagystanyň Milli howpusuzlyk boýunça döwlet komiteti (UKMK) aýtdy. Şübheli Merkezi Aziýadaky öňki sowet respublikalaryň biriniň raýaty diýlip, komitetiň maglumatynda aýdylýar. Komitet öz ýurdunda, aýdylmagyna görä, möhüm jenaýatlary amala aşyrmakda we halkara terroristik guramanyň agzasy bolmakda gözlenýän şübheliniň gyrgyz serhedine bikanun geçenden soň... Читать дальше...
8-nji fewralda Gazagystanda aşa sowuk howa sebäpli paýtagt Astanada we ýurduň demirgazyk, merkezi we gündogar regionlarynda mekdepleriň ählisi ýapyldy. Häzirki wagt Gazagystanda howanyň sowuklygy -40 gradusa çenli baryp ýetýär. 8-nji fewralda Gazagystanyň demirgazyk Pawlodar regionynda garyň güýçli ýagmagy netijesinde görüş mümkinçiligi çäklendi we häkimiýetler birnäçe asfalt ýoly ýapdy. Şeýle-de, Astananyň daşyndaky ýollaryň we asfalt ýollaryň ählisi ýapyldy. Akmola, Gündogar Gazagystan we... Читать дальше...
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda bankomatlaryň tas ählisi işlemeýär. Häzirki wagt pensionerler pensiýa haklaryny, çagaly eneler we mümkinçiligi çäkli adamlar kömek pullaryny alyp bilmeýärler.
Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň territoriýasyna uçmagynyň togtadylmagy bilen bagly Howpsuzlyk duýduryşyny etdi.
Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmenistanda sowet ýyllaryndan uç alýan we garaşsyzlyk ýyllarynda daşary ýurt okuw jaýlarynda hem "ýakasyny tanadan" diplom satyn almak praktikasy ýurduň ýüzbe-ýüz bolan ykdysady kynçylyklarynyň fonunda barha kän göze ilýär.
“Iz.Ru” neşiriniň 2017-nji ýylyň tomsundaky telesýužetinde Astrahanda okaýan daşary ýurtly studentler we korrupsiýa hakynda maglumat berlip, rus dilinde gürlemekde kynçylyk çekýän türkmenistanly studentler görkezildi.