German kansleri Angela Merkel prezident Ylham Alyýew bilen duşuşyp, Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçiriljek gepleşiklerden öň iki ýurduň arasynda has pugta ykdysady gatnaşyklaryň gurulmagyna çagyrdy. Iki lider Azerbaýjanyň goňşusy Ermenistan bilen arada uzak wagt bäri dowam edýän Dagly-Garabag dawasy we ýurtdaky adam hukuklary ýagdaýy barada maslahat eder. Azerbaýjan we Ermenistan uzak ýyllar bäri Dagly-Garabag regiony üstünde oňşup bilmän gelýär. Azerbaýjanyň territoriýasynda ýerleşýän Dagly-Garabag... Читать дальше...
BMG-niň Bosgunlar edarasy ÝB ýurtlaryny italýan serhet goragçylarynyň gämisinde saklanylýan 150 bosgunyň jogapkärçiligini öz üstlerine almaga hem-de italýan häkimiýetlerini migrantlary derhal gämiden goýbermäge çagyrdy. "Ahyr netijede deňizde halas edilen adamlar babatynda iň az jogapkärçilik almak üstünde bäsleşýän ýurtlaryň arasyndaky çekeleşigi bes etmegiň wagty geldi” diýip, BMG-niň bosgunlar boýunça komissary Filippo Grandi aýtdy. “Döwletleriň uzak möhletli çözgütler üçin özara çekeleşige... Читать дальше...
Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda oba adamlarynyň ekinleriniň zor bilen sökdürilmegi, ikinji tarapdan bazarlardaky harytlaryň bahasynyň öňki ýyllarda görülmedik derejede gymmatlamagy dowam edýär.
Owganystanyň gündogar şäheri Jalalabatda, saýlaw komissiýasynyň edarasynyň golaýynda onlarça protestçi toplananda bolan partlamada azyndan iki adam öldürildi, dördüsi bolsa ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar. Protestçiler saýlaw resmileriniň jeňçiler bilen aragatnaşyk saklamakda güman edip, bäsleşikden çetleşdiren partlament kandidatyna goldaw bildirmek üçin ýygnanypdylar. Nangarhar welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Attahullah Khogýani ýaraly bolanlaryň hassahana ýerleşdirilendigini, olaryň biriniň ýagdaýynyň has agyrdygyny... Читать дальше...
Müňlerçe rohinga bosguny Birmanyň harbylarynyň bu ýurtda ýaşaýan musulman azlygynyň köpçülikleýin Bangladeşdäki lagerlere gaçmagyna getiren basyp ýatyrmalarynyň ýyl dönümine gabat protest aksiýasyny gurnady. Kutupalong bosgun lagerindäki adamlar "Biz rohinga, biz adalat isleýäris” diýip gygyrdylar. Bu lager Birmadan gaçyp çykan 800 müňden gowrak rohinganyň täze gonalgasy bolan giň ýaýrawly lagerler toplumynyň bir bölegi bolup durýar. Geçen tomusda rohinga jeňçileriniň gurnan hüjümlerinden soň... Читать дальше...
Birleşen Ştatlar Orsýete, eger-de prezident Başar al-Assad ýurduň pitneçileriň elindäki iň soňky welaýatlaryny yzyna almak üçin himiýa ýaragyny ulansa, özüniň Siriýa garşy berk harby çäre görmäge taýýardygyny aýtdy diýip, “Bloomberg News” habar berýär. Neşiriň 24-nji awgustda anonim çeşmelere salgylanyp beren habaryna görä, ABŞ resmilerinde Assadyň Siriýanyň Türkiýe bilen serhedine golaý ýerleşýän demirgazyk-günbatar welaýaty Idlibe garşy himiki hüjüm etmek planlaryny görkezýän maglumat bar. ... Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp döwlet sekretary Maýk Pompeo indiki hepde Demirgazyk Koreýa planlaşdyrylan saparyňy goýbolsun et diýendigini, sebäbi özüniň ýarymadada ýadro ýaraglaryndan saplanmak meselesinde öňegidişlik görmeýändigini aýtdy. Tramp 24-nji awgustdaky twitter beýanatynda Hytaýy hem tankytlady, ýagny onuň Phenýany öz ýadro ýaraglaryndan el çekmäge yrmak tagallalarynda ýardamçy bolmaýandygyny aýtdy. Emma muňa garamazdan, Tramp Pompeonyň “ýakyn geljekde”, belki-de ABŞ-Hytaý söwda... Читать дальше...