Tramp Pompeonyň Demirgazyk Koreýa planlaşdyrylan ssaparyny goýbolsun etmegini buýurdy
Tramp 24-nji awgustdaky twitter beýanatynda Hytaýy hem tankytlady, ýagny onuň Phenýany öz ýadro ýaraglaryndan el çekmäge yrmak tagallalarynda ýardamçy bolmaýandygyny aýtdy.
Emma muňa garamazdan, Tramp Pompeonyň “ýakyn geljekde”, belki-de ABŞ-Hytaý söwda jedelleri “çözüleninden” soň,şindi hem Demirgazyk Koreýa gitjekdigini ýazdy.
Şeýle-de ol özüniň “Başlyk Kim [Jong Una] gyzgyn salamlaryny we sylag-hormatyny gönderýändigini, onyň basym görmek umydyndadygyny” aýtdy.
Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrligi Trampyň bu gelen kararynyň “şowly bolmandygyny” aýtdy, emma ýaranlaryň ýadro ýaraglaryndan saplanmakda “düýpli öňegidişlik” gazanmaga çalyşmaklary has möhüm diýdi.