Angela Merkel Azerbaýjan bilen has pugta ykdysady gatnaşyklara çagyrýar
Iki lider Azerbaýjanyň goňşusy Ermenistan bilen arada uzak wagt bäri dowam edýän Dagly-Garabag dawasy we ýurtdaky adam hukuklary ýagdaýy barada maslahat eder.
Azerbaýjan we Ermenistan uzak ýyllar bäri Dagly-Garabag regiony üstünde oňşup bilmän gelýär. Azerbaýjanyň territoriýasynda ýerleşýän Dagly-Garabag 30 müňden gowrak adamyň öldürilmegine getiren uruş döwründe, 1994-nji ýylda baglaşylan ýaraşykdan öň Ermenistanyň goşunlarynyň goldawyndaky güýçleriň eline geçdi.
Wagtal-wagtal atyşyk we söweşler dowam edýär, otuz ýyllap alnyp barlan diplomatik tagallalar hiç bir ýurt tarapyndan garaşsyzlygy ykrar edilmedik Dagly-Garabag üstündäki konfliktiň çözgüdini ilerletmedi.
Azerbaýjan Merkeliň Günorta Kawkaza edýän saparynda soňky baran ýeri bolup, ol ilki Gürjüstanda, soň Ermenistanda boldy.