Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Август
2018

Новости за 27.08.2018

Azathabar.com 

Aliýew: Trans-Hazar babatda gazy akdyrjak tarap netijä gelmeli

25-nji awgustda Germaniýa Federatiw respublikasynyň kansleri Angela Merkeliň Azerbaýjana eden saparynyň dowamynda ýurduň prezidenti Ylham Aliýew bilen geçiren gepleşikleriniň yzýany geçirilen metbugat ýygnagynda Aliýew Hazarüsti gaz geçirijisi barada çykyş etdi. Halkara metbugat serişdeleri, şol sanda Orsýetiň “Tass” maglumat gullugy hem-de Azerbaýjanyň resmi türkmen metbugaty bilen ylalaşykly iş alyp barýan “Trend” habar gullugy Aliýewiň sözlerini alyp göterdi.

Azathabar.com 

Demirgazyk Kipr türkmen raýatlary üçin giriş düzgünlerini pugtalandyrdy

Demirgazyk Kipriň aeroportunda Türkmenistanyň raýatlarynyň deportasiýa edilmegine degişli ýagdaýlar köpeldi. Ýerli häkimiýetler munuň regiona barýan türkmenistanlylar babatynda migrasion düzgünleriň pugtalanmagy bilen baglydygyny aýdýarlar.  Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, 26-njy awgustda Türkmenistanyň birnäçe raýaty Demirgazyk Kiprden Stambula deportasiýa edilipdir. Stambula ugradylan şol türkmenistanlylaryň biri 25-nji awgustda Demirgazyk Kipriň aeroportunda özi bilen ýene üç watandaşynyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Daşogzuň güýç edaralarynda ‘Türkmenizasiýa’ prosesi bat aldy

Daşoguz welaýatynyň kanun goraýjy edaralarynyň düzümlerinde işleýän etniki milleti türkmen bolmadyk işgärleriň we ýokary wezipeli adamlaryň milleti pasportda türkmen diýlip mejbury üýtgetdirilýär. Bu barada Azatlygyň regiondaky habarçysy güýç edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Russiýa garşy girizen sanksiýalary güýje girýär

ABŞ-nyň Russiýa garşy, martda Britaniýada ozalky rus içalysynyň we onuň gyzynyň zäherlenmegi bilen baglylykda, girizen sanksiýalary duşenbe güni güýje girýär. Bu gadagançylyklar şu aýyň başynda, haçanda ABŞ Sergeý we Ýuliýa Skripallary rus hökümetiniň “zäherländigini” ýüze çykarandygyny aýdanyndan soň, yglan edilipdi. Skripallar 4-nji martda Angliýanyň Salisbury şäherinde huşsuz ýagdaýda tapylypdylar. Olaryň ýagdaýynyň agyr bolandygyna garamazdan, olaryň bejergisi üstünlikli geçdi. Britaniýa... Читать дальше...

Azathabar.com 

Moldowada oppozisiýa protestleri geçirýär

Moldowanyň paýtagty Kişenewda müňlerçe adam häkimiýet başyndaky Demokratik partiýa we onuň ýolbaşçysy Wladimir Plahotniuça garşy ýörişleri geçirdi. Protestçiler Moldowanyň we Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklaryny galgadyp, “Mafiýa hökümeti çöksün”, “Plahotniuçy gözenegiň aňyrsyna ýollaň”  diýen şygarlary hem gygyrdylar. Demonstrasiýalar Ýewropa gymmatlyklarynyň tarapynda çykyş edýän Hereket we Raýdaşlyk partiýasy, Mertebe we Dogruçyllyk Platformasy we Moldowanyň Liberal Demokratik partiýasy tarapyndan gurnaldy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýranyň ykdysadyýet ministri wezipesinden çetleşdirildi

Eýranyň parlamenti ýurduň ykdysadyýet we maliýe ministrini wezipesinden boşatdy. Bu ýurtdaky maliýe kynçylyklary sebäpli prezident Hassan Rohaniniň hökümetine garşy barha artýan nägilelikleriň fonunda bolup geçdi. Parlamentiň 137 agzasy Masoud Karbasianyň “ýurduň ykdysady ýagdaýyny gowulandyryp bilmändigini” aýdyp, onuň işden aýrylmagyna ses berdi. Mundan öň, ýurtdaky inflýasiýanyň we ykdysadyýetiň ýagdaýyndan nägile raýatlar Tähranyň we beýleki şäherleriň köçelerine çykypdylar. Rohani iýulyň ahyrynda Merkezi Bankyň başlygyny hem täzeläpdi.

Azathabar.com 

Eýranyň goranmak ministri Siriýa bardy

Eýranyň goranmak ministri Siriýa iki günlük sapar edip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmegi maksat edinýär diýip, Eýranyň habar serişdeleri maglumat berýärler. Amir Hatami Damaska gelen badyna: “Biz Siriýanyň rekonstruksiýasynda möhüm rol oýnajakdygymyza umyt edýärin” diýip, belledi. Eýran we Russiýa Siriýada ýedi ýyl bäri dowam edýän konfliktde prezident Başar al-Assady goldaýarlar. 2011-nji ýylyň martynda hökümetiň protestçileri basyp ýatyrmagy netijesinde dörän konfliktde ýüzlerçe müň adam öldürildi... Читать дальше...




Azathabar.com 

Täjik-owgan serhedinde iki adam öldürildi

Täjigistanyň Owganystan bilen serhedinde dörän ok atyşlykda iki adam öldi, biri hem ýaralandy. Farkhor etrabynyň howpsuzlyk resmisiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, bag çapmak üçin ýola çykan raýatlaryň ulagyna serhetden ot açylypdyr. Täjigistanyň Serhet gullugy Azatlyk Radiosyna bu hadysa barada maglumatynyň ýokdugyny aýtdy. Ýerli ýaşaýjylar sebite howpsuzlyk işgärleriniň, şeýle-de dikuçarlaryň gelendigini habar berdiler. Owganystanyň Takhor welaýatynyň polisiýasy bu waka barada habardar edilendigini... Читать дальше...

Azathabar.com 

Owganystandaky YD-nyň lideri öldürildi

Owganystandaky “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň ýolbaşçysy öldürildi. Owgan resmileri Abu Saad Erhabiniň we başga-da on jeňçiniň Nangarhar welaýatynda amala aşyrylan operasiýanyň dowamynda öldürilendigini mälim etdiler. Hökümet we daşary ýurt güýçleriniň bilelikdäki operasiýasynda köp sanly agyr we ýeňil ýaraglar hem ýok edilipdir. Bu maglumatlary häzirlikçe tassyklap bolmady. Jeňçileriň öz habar gullugy bu barada hiç aýtmady. NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky hemaýat missiýasy hem reaksiýa bildirmedi. Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus