Žurnalistleri goraýan komitet Azerbaýjanyň häkimiýetleri geljek hepde geçiriljek irki prezident saýlawlaryndan öň “hakykatda başga pikir aýtmagyň formal ýollarynyň ählisini arassalady” we bu iş uzak wagtlyk prezident Ylham Alyýewiň täze prezidentlik möhletini gazanmagy üçin edildi diýýär. “Azerbaýjanyň häkimiýetleri raýatlary ýuwaşatmaga gezek gelende janypkeş we ugurtapyjy bolup geldi” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän metbugat gözegçiligi guramasynyň 6-njy aprelde çap eden beýanatynda aýdylýar. Читать дальше...
Siriýanyň gündogar Ghouta sebitinde, gozgalaňçylaryň elindäki soňky şäher bolan Doumada güman edilýän himiki hüjüm netijesinde onlarça adam öldi diýip, oppozisiýa aktiwistleri we halas ediji işgärler aýdýar. Oppozisiýa bilen iltewli “ak kaskalylaryň” we beýleki aktiwist toparlaryň wekilleri paýtagt Damaskyň alkymyndaky Doumanyň asmanyndan 7-nji aprel agşamy içi zäherli gazdan doldurylan çelegiň taşlanandygyny aýdýarlar. Bu zäherli çelek adamlaryň demikmegine sebäp boldy. Siriýanyň döwlet mediasy... Читать дальше...
29-njy martdan başlap Türkiýede turistik maksatly ýaşaýyş rugsadyny almak ýa-da onuň möhletini uzaltmak isleýänlere Migrasiýa gullugynda çäklendirmeler girizilip başlandy.
Wengriýalylar sag-ganat premýer-ministr Wiktor Orbanyň güýç-kuwwatyny barlajak parlament saýlawlarynda ses berýärler. Onuň dolandyryjy milletçi “Fidesz” partiýasynyň, saýlawdan öňki çaklamalara görä, 8-nji apreldäki saýlawlarda 50 prosent çemesi ses aljakdygy, Ýewropa garşy, emigrantlara garşy lideriň tapgyr üçünji gezek premýer-ministr boljakdygy çaklanylýar. Pikir soramalary “Fidesz” partiýasynyň radikal milletçi “Jobbik” partiýasyndan, Sosialistlerden we birnäçe ownuk, çep-ganat we ýaşyllar toparlaryndan has öňe saýlanjagy çaklanylýar. Читать дальше...
Türkmenistanlylar Bütindünýä saglyk gününi tigir sürmek, ylgamak we beýleki sport hem-de baýramçylyk çäreleri bilen giňden bellediler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu çärä özüne şu aýda sowgat berlen ikinji täze tigirde gatnaşdy.
7-nji aprelde Germaniýanyň Muenster şäherinde, miniawtobusyň mähelläniň üstünden sürülmegi netijesinde 2 adam öldi, 20 çemesi adam ýaraly boldy diýip, häkimiýetler aýtdy. Polisiýanyň sözçüsi Andreas Bode žurnalistlere awtoulagyň sürüjisiniň bu wakadan soň özüni öldürendigini habar berdi. Şeýle-de ol sürüjiniň şahsyýetiniň şindi doly anyklanylmandygyny we onuň beýle işe ýüz urmagynyň sebäbi barada gürrüň ederden entek irdigini aýtdy. Bode ýaraly bolanlaryň altysynyň ýagdaýynyň agyrdygyny hem sözüne goşdy. Читать дальше...
Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbai Jeenbekow, prezident saýlawlaryndan bäri geçen alty aý içinde ozalky we häzirki liderleriň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanmagy netijesinde, ozalky prezidentiň ýakyn ýaranlary hasaplanylýan iki sany uly derejeli howpsuzlyk resmisini işden boşatdy.