Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Malala Ýousafzaýi, 2012-nji ýylda “Talybanyň” eden hüjüminden soň ilkinji gezek – özüniň Pakistandaky dogduk şäherine geldi. Malala, onuň kakasy, ejesi, iki dogany dikuçarda Pakistanyň Swat jülgesinde ýerleşýän Mingora şäherine gondular. Malala, şeýle-de onuň ene-atasy özleriniň köne jaýyna girenlerinde aglap bozulypdyrlar. Gysga wagtlyk saparynyň dowamynda ol goňşylary, dostlary we garyndaşlary bilen görüşdi. “Talyban” hereketi Malalanyň gyzlaryň... Читать дальше...
Ysraýyl-Gaza serhet geçelgesinde palestinlylar bilen ysraýyl esgerleriniň arasynda dörän çaknyşykda 15 palestinaly öldi, ýüzlerçesi hem ýaralandy diýip, Palestinanyň Saglyk ministrligi maglumat berýär. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Gazadaky ýagdaýlary maslahat etmek üçin, ýapyk gapylaryň aňyrsynda gyssagly gepleşikleri geçirer. Gaza sektorynda palestinalylar alty hepde töweregi çadyr dikip, palestin bosgunlarynyň häzirki Ysraýylyň territoriýasyna dolanyp bilmeklerini gazanjak bolup, protest geçirdiler. Читать дальше...
Russiýa günbatar ýurtlarynyň ilçihanalaryna ştat sanlarynyň kemeldiýandigi baradaky duýduryşlary ýollady. Russiýanyň Daşary işler ministrligi anna güni 23 – esasan Ýewropa Bileleşigine agza we Britaniýanyň ýaran – ýurtlarynyň ilçilerini çagyryp, bu döwletleriň 60 töweregi diplomatlarynyň ýurtdan çykarylýandygyny mälim etdi. Mundan bir gün öň, Moskwa ABŞ-nyň 60 diplomatynyň çykarylmagyny we Sankt-Peterburgdaky Konsulhanasynyň ýapylmagyny tabşyrypdy. Şu hepdäniň dowamynda günbatar ýurtlaryndan... Читать дальше...
Russiýanyň Wolokolamsk sebitinde ýerli resmiler zir-zibil zyňyndylaryndan syzyp çykan toksik buglary sebäpli, regionda “ýokary hüşgärligi” yglan etdiler we ýaşaýjylara zäherleýji gazlardan goranyş maskalary we respiratorlary paýlap berdiler. Moskwanyň 120 km günbatarynda ýerleşýän 20 müň töweregi ilatly Wolokomaskda 29-njy martda ýaşaýjylar adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmegini talap edip, ýöriş geçirdiler. Ýaşaýjylar 1-nji aprelde hem ýöriş geçirip, zir-zibil zyňylýan ýeriň ýapylmagyny gazanjak bolýarlar. Читать дальше...
Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň Azerbaýjana we Türkmenistana eden saparyndan dolanyp gelen mahaly Horasan welaýatynyň häkimi Razawi Türkmenistandaky eýranly tussaglaryň hemmesiniň türmeden boşadylandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. Bu baradaky degişli karara Serdaryň prezident kakasy – Gurbanguly Berdimuhamedow gol goýdy.