Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Март
2018

Новости за 12.03.2018

Azathabar.com 

HWF türkmen häkimiýetlerine halky oňaýsyz täsirlerden goramagy maslahat berdi

Martin Sommeriň baştutanlygynda Halkara walýuta fondunyň (HWF) missiýasy 19-njy fewral – 6-njy mart aralygynda Aşgabatda saparda bolup, onuň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklara gatnaşdy. Missiýanyň ýolbaşçysy agzalýan saparyň netijeleri boýunça 9-njy martda beýanat ýaýratdy. HWF-nyň missiýasy Türkmenistanda ykdysady ösüşe hem-de ilatyň gowşak gatlagyna ýetip biljek oňaýsyz täsirleri peseltmek üçin degişli çäreleri görmegi maslahat berýär. Paýtagt Aşgabatda ýokary derejeli hökümet resmileri... Читать дальше...

Azathabar.com 

Orsýetli meşhur režissýor Oleg Tabakow 82 ýaşynda aradan çykdy

Orsýetli meşhur režissýor Oleg Tabakow 82 ýaşynda aradan çykdy. Tabakowyň ýolbaşçylygyndaky “Tabakerka” atly teatr öz websaýtynda režissýoryň gara fondaky suratyny çap etdi. Tabakow postsowet giňişliginde iňňän meşhur teatr we kino aktýordy. Oleg Tabakow “Uruş we parahatçylyk”, “Baharyň 17 pursady”, “D’Artagnan we üç muşketýor” ýaly meşhur kinokartinalaryň ençemesinde özüne çekiji rollary ýerine ýetirdi. Tabakow Orsýetiň 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp öz düzümine goşmak hereketinde... Читать дальше...

Azathabar.com 

HORMATLY ARKADAG: Halkyñ elinde ne pul galdy, ne-de puluna alara haryt

Hormatly ministrler, Prokurorlar, Gözegçilik edaralary! Halkyñ hal ýagdaýyny siz has gowy bilýärsiñiz. Prezidentiñ bilmeýänligi ýa-da bilýänligi gaty möhüm däl. Sebäbi 98% (!) ses aldym halkdan diýip gelen adamdan üytgeşik zada (pikup sürüp, aýdim aýdyp, ok atyp, kitap ýazyp, tigir sürüp ýormekden başga) garaşamok. Size aýtjak zadym bar. Düşünýän siziñ hem maşgalanyz, çagalaryñyz bardyr. Diktatordan hemmäñiz gorkýansyñyz. Ýöne esasy hakykaty sizem bilýäñiz. Şol adam sesleri ogurlap gelenini... Читать дальше...

Azathabar.com 

Owganystanyň hökümet güýçleri 'Talybany' Anardara etrabynyň merkezinden gysyp çykardylar

Owgan resmileri hökümet güýçleriniň Owganystanyň gündogarynda “Talybanyň” söweşijileriniň tiz ele salan etrabyny öz gözegçiligine alandygyny aýdýarlar. Goranmak ministrliginiň metbugat-wekili Dawlat Wazeriniň 12-nji martda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, owgan güýçleri birnäçe sagatlap dowam eden söweşlerden soň, “Talybanyň” söweşijilerini Farah welaýatynyň Anardara etrabynyň merkezinden gysyp çykarypdyr. Emma Içeri işler ministrliginiň metbugat wekiliniň orunbasary Nusrat Rahimi hüjümçilere howadan zarba urlansoň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Britaniýanyň Milli howpsuzlyk geňeşi Skripalyň ýagdaýy boýunça maslahat geçirýär

Britaniýanyň Milli howpsuzlyk geňeşi 12-nji martda maslahat geçirip, orsýetli öňki gizlin agentiň we onuň gyzynyň Salisbury şäherinde zäherlenmegine degişli ýagdaýy maslahat etmegi planlaşdyrýar. Premýer-ministr Teresa Maýyň ýolbaşçylygynda we baş ministrleriň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatda 66 ýaşly Sergeý Skripaly we onuň 33 ýaşly gyzy Ýuliýany öldürmek boýunça synanyşygyň derňewine degişli soňky maglumatlara serediler. Resmiler 4-nji martda nerwe zeper ýetiriji madda bilen zäherlenen ataly-gyzyň saglyk ýagdaýynyň “agyr... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen prezidenti şu ýylky pagta ekişliginiň senesini belledi

Türkmenistanda şu ýylky pagta ekişliginiň resmi senesi bellendi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda pagtany ekmek üçin 23-nji marty, Daşoguz üçin 28-nji marty saýlap aldy. “Prezident möhüm waka üçin badalganyň ýaşulularyň gatnaşmagynda berilmegine isleg bildirdi” diýip, TDH döwlet informasion agentligi habar berdi. Resmi maglumatda, şu ýyl göz öňünde tutulýan pagta planyna degişli sanlar görkezilmedi. Türkmenistanda esasy ekerançylyk önümleri bolan pagtanyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ, Orsýet dünýäniň esasy ýarag söwdegärleri bolmagynda galýar

Birleşen Ştatlar dünýäniň esasy ýarag söwdegäri bolmagynda galýar we onuň geçen bäş ýylyň dowamynda satan ýaragy global ýarag söwdasynyň 34%-ni emele getirýär diýlip, täze barlaglarda aýdylýar. Stokholmyň halkara barlaglar institutynyň (SIPRI) 11-nji martda çap eden maglumatyna görä, Orsýet ýarag eksportynyň möçberi boýunça dünýä derejesinde ikinji ýerde barýar. ABŞ-nyň ýarag söwdasynyň möçberiniň 2008-2012-nji ýyllaryň görkezijilerinden 30% ýokarlanandygyny SIPRI aýdýar. ABŞ-nyň ýaragy dünýäniň azyndan 98 ýurduna satylýar... Читать дальше...

Azathabar.com 

Wenada Eýranyň ilçisiniň rezidensiýasynyň daşynda sakça topulan hüjümçi atylyp öldürildi

Polisiýa Awstriýanyň paýtagty Wenada Eýranyň ilçisiniň rezidensiýasynyňdaşynda sakçylara pyçakly topulan adamyň atylyp öldürlendigini aýtdy. Polisiýanyň metbugat-wekili Harald Soerosyň 12-nji martda aýtmagyna görä, 26 ýaşly hüjümçi binanyň daşynda gözegçilikde duran sakçy tarapyndan oka tutulansoň, "dessine ölüpdir”. Gijäniň ýarynda bolan hüjüm zerarly sakçy eline ýaralanypdyr. Hüjümiň sebäpleri dessine mälim edilmedi. Metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, sakçy başda ok atmagyndan ozal burçly gazy ulanypdyr. Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus