Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Март
2018

Новости за 13.03.2018

Azathabar.com 

Türkmen prezidenti Kuweýte, Birleşen Arap Emirliklerine sapar eder

13-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt döwletine resmi sapary başlanar. Sapar tamamlansoň, türkmen lideri Birleşen Arap Emirliklerine barar, diýip Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Azathabar.com 

Orsýet mediasy türkmenistanly öýsüziň Moskwada adam öldürendigini habar berýär

Türkmenistanly öýsüz Moskwanyň ýaşaýjysyny öldürdi diýlip, Orsýetiň media serişdelerinde habar berildi. Orsýet metbugatynyň maglumatlarynda aýdylyşyna görä, 9-njy martda Moskwanyň günorta böleginde Klenowyý bulwar köçesinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň birinde adam öldürmekde güman edilip, Türkmenistanyň 30 ýaşly raýaty saklanypdyr. Bedeniniň ençeme ýerine birnäçe gezek pyçak urlup öldürlen adam 28 ýaşly Boris Ž. diýlip habar berilýär. Ony öldürmekde aýyplanýan türkmenistanlynyň Moskwada registrasiýasyz ýaşandygyny bellenýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Donald Trump döwlet sekretary Reks Tillersony wezipesinden çetleşdirdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump döwlet sekretary Reks Tillersony wezipesinden çetleşdirip, onuň ýerine Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) başlygy Mike Pompeony belländigini aýtdy. Merkezi aňtaw gullugynyň başlygynyň orunbasary Gina Haspel edara ýolbaşçylyk eder we bu wezipede ilkinji zenan bolar diýip, Tramp 13-nji martda Twitter arkaly habar berdi. “Mike Pompeo, Merkezi aňtaw gullugynyň başlygy, biziň täze döwlet sekretarymyz bolar. Ol fantastik iş eder!” diýip, Tramp 13-nji martda Twitterde ýazdy... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-nyň goranmak sekretary garaşylmadyk sapary bilen Owganystana bardy

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Owganystana eden öňünden yglan edilmedik saparynyň dowamynda ýurtda dowam edýän uruşyň netijelerine we “Talybany” owgan hökümeti bilen parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere çekmek boýunça tagallalaryň perspektiwalaryna üns berdi. Mattisiň 13-nji martda eden duýdansyz sapary ABŞ-nyň Owganystanda 16 ýyl bäri dowam edýän uruşa täze serişde ýatyrýan wagtyna gabat geldi. Owganystanyň paýtagtyna gonmagynyň öňüsyrasynda Mattis ABŞ-nyň talyban söweşijileriniň “kiçi... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen hökümeti BMG-niň Owganystan boýunça rezolýusiýasyny we Nowruza taýýarlyklary maslahat etdi

Türkmenistanyň hökümeti 12-nji martda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Türkmen metbugatynda çap edilen resmi maglumatlara görä, maslahatyň esasy temalary BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň ygtyýarlygynyň möhletini uzaltmak barada 8-nji martda kabul eden rezolýusiýasy we Türkmenistanyň TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygyna, Kerki-Ymamnazar-Akina demirýolunyň we Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gürjüstan-Türkiýe halkara transport proýektlerine berýän ähmiýeti bilen bagly boldy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Lawrow Skripalyň we onuň gyzynyň zäherlenmegine Moskwanyň gatnaşygy ýok diýýär

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň Britaniýada öňki goşa gizlin agent Skripalyň we onuň gyzynyň zäherlenmegine gatnaşygynyň bolup bilmegini ret etdi. Şeýle-de, Lawrow Moskwanyň, nerwe täsir beriji maddanyň Skripalyň we onuň gyzynyň Salisbury şäherinde zäherlenmegi üçin nädip ulanylandygy barada Britaniýanyň 13-nji martyň aýagyna çenli wagt möhletini berip, öňe süren sowalyna jogap bermejegini aýtdy. “Biz, elbetde ultimatumy eşitdik” diýip, Lawrow Britaniýanyň häkimiýetleriniň... Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus