ABŞ goşuny 200 çemesi bomba ysyny alýan ite, Owganystandaky harby hyzmatlaryny tamamlandan soň, nädogry çemeleşdi diýip, Goranmak departamentiniň hasabatynda aýdylýar. Harby işgärleriň sözlerine görä, ol itleriň käbiri Birleşen Ştatlara dolanyp gelenlerinden soň 11 aýa çenli it saklanylýan ýerlerde galdyryldy we kemally seredilmän, esewan edilmän, ýowuz daraşmalara sezewar boldy. Başga bir topar itiň bolsa, hasabatda aýdylmagyna görä, medisina nukdaý nazaryndan öldürilen bolmagy mümkin. ABŞ... Читать дальше...
Azatlygyň Marydaky çeşmesi şu hepde welaýatyň etraplarynyň birinde turan un dawasy netijesinde, un ýetmezçiliginden gahar-gazap bildiren oba ýaşaýjylarynyň un dükanyna güýç bilen girendikleri habar berilýär.
Azatlygyň Marydaky çeşmesi şu hepde welaýatyň etraplarynyň birinde turan un dawasy netijesinde, un ýetmezçiliginden gahar-gazap bildiren oba aýallarynyň ýola çykyp, maşyn ýoluny baglap, awtoulaglaryň gatnawyny kesendiklerini habar berýär.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýyň kommunist partiýasynyň prezident Si Jinpingiň yzygiderli iki möhlet prezidentlik çägini aýryp, oňa ýurda soňky kesgitlenmedik möhlete çenli ýolbaşçylyk etmek hukugyny bermek çärelerini goldaýar diýip,CNN telekanaly habar berýär. "Ol indi ömürlik prezident, bütin ömrüne prezident. Özem ol ajaýyp” diýip, Tramp, telekanalyň aýtmagyna görä, Floridada 3-nji martda ýapyk gapylaryň arkasynda gurnalan fond toplamak çäresinden alnan ses ýazgysynda aýdypdyr. "Özem seret, ol muny edip bildi. Читать дальше...
Soňky wagtlarda BMG-ä ýüz tutyp, halkara gorag programmasyna goşulan türkmenistanly migrantlaryň köpüsiniň gorag statusynyň Türkiýäniň migrasiýa gullugy tarapyndan ýatyrylýandygy barasyndaky maglumatlar köpelýär.
Orsýetiň iş başyndaky prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň esasy sport arenasynda kampaniýa ýygnanyşygny geçirip, özüne täze alty ýyl möhleti gowşurmaly prezident saýlawlaryna 15 gün galanda, goldawçy diňleýjilerine Orsýet üçin “ýeňişleri” wada berdi. "Biz öz ýurdumyzyň ýagty bolmagyny we gelejege seretmegini isleýäris, öz çagalarymyzyň, agtyklarymyzyň... bagtly bolmagy üçin biz ähli zady ederis” diýip, Putin 3-nji martda Lužniki stadionynda toplanan adamlara ýüzlenip aýtdy. "Muny biz üçin başga hiç kim etmez” diýip, Putin aýtdy. Читать дальше...
Günorta Koreýanyň prezidenti şu hepde, ýadro dartgynlygyny gowşatmak we Phenýan bilen Waşingtonyň arasyndaky gepleşiklere itergi bermek maksadyny yzarlaýan gepleşikler üçin, öz milli howpsuzlyk direktorynyň ýolbaşçylygynda Demirgazyk Koreýa bir delegasiýa iberer. Moonuň edarasy tarapyndan 4-nji martda yglan edilen delegasiýa iki garşydaşyň arasynda golaýda Pýonçaňda geçen Gyşky olimpiadadan uç alan seýrek ýumşaşmanyň yz ýanyna gabat geldi. 5-nji martda ugrajak 10 agzaly delegasiýa Phenýanda iki gün bolup... Читать дальше...
Bosniýa-Herzegowinada polisiýa bilen ýurduň 1992-95-nji ýyllardaky urşunyň ýüzlerçe weteranynyň arasyndaky gapma-garşylyk dowam edýär, olar has köp hukuk, şol sanda ýokarlandyrylan sosial kömek üçin protest bildirýärler. 3-nji martda ýerli we federal polisiýa demirgazykdaky Tuzla şäheriniň golaýyndaky esasy ýoluň çatrygyndaky petigi aýranda we birnäçe adamy gysga wagt tussag edende, azyndan iki adam ýaralandy. Doly söweş eşigini geýen ýörite güýçler soňra protestçileri Bosniýanyň demirgazykdan... Читать дальше...