Türk goşunynyň dikuçary demirgazyk Siriýanyň Afrin şäheriniň golaýynda Siriýanyň Kürt halk goragy birliginiň söweşijileri tarapyndan urlup ýykyldy diýip, prezident Rejep Taýyp Erdogan 10-njy fewralda aýtdy. "Ýap-ýaňy bir dikuçarlarymyzyň biri urlup ýykyldy” diýip, Erdogan Stambulda öz AK partiýasynyň agzalaryna ýüzlenip aýtdy. “Beýle zatlar bolar, biz uruşda... Biz dikuçary ýitirip bileris, emma olar munuň bahasyny tölär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Erdogan hiç bir pidany agzamady we bu hadysanyň beýleki detallaryny açmady. Читать дальше...
Ysraýylyň harbylary 10-njy fewralda Siriýada siriýa we eýran nyşanalarynyň 12-sini urdy we muny bir gün ozal bolan atyşykdan soňky “uly derejeli” hüjüm diýip häsiýetlendirdi. "Birnäçe minut öň (ysraýyl uçary)... Siriýada Siriýanyň howa goranyş sistemasyny we eýran nyşanalaryny nyşana aldy” diýip, beýanatda aýdylýar. "On iki sany nyşana, şol sanda howa goranyş batareýalaryna we dört sany eýran nyşanasyna, Eýranyň Siriýadaky harby birikmelerine hüjüm edildi” diýip, beýanatda hüjüm wagtynda Ysraýyla... Читать дальше...
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-ini Phenýanda “irki duşuşyga” çagyrdy diýip, Moonyň edarasy 10-njy fewralda aýtdy. Bu koreý liderleriniň on ýyl içninde ilkinji duşuşyklarynyň gurulmak mümkinçiliginden habar berýär. Kimiň aýal dogany Kim Yo Jong, Pýençaňdaky Gyşky olimpiada gatnaşmak üçin Günorta Koreýa sapara barmak bilen, Günorta Koreýanyň prezidentiniň Gök öýdäki rezidensiýasynda Moon bilen duşuşanda, öz agasynyň şahsy çakylygyny gowşurdy diýip, prezidentiň sözçüsi aýtdy. Читать дальше...
Şu gün Türkmenabatda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy 15 manada ýetdi we şunuň bilen baglylykda ilatyň gündelik zerur harytlaryň ählisiniň diýen ýaly bahasy gymmatlady diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi habar berýär.
Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Dädebaý Amangeldiýew anna güni geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça Energetika ministrliginde geçirilýän işler barada hasabat berdi. TDH-nyň maglumatyna görä, häzir ýurtda elektrik beketleriniň jemi 13 sanysy işleýär we "halkalaýyn energoulgamyny döretmek" planlaşdyrylýar. Prezident Berdimuhamedow 2-nji fewralda Amangeldiýewe ýurtdaky elektrik üpjünçiliginiň ýaramazlygy sebäpli berk käýinç we soňky duýduryşyny berdi. Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy fewralda geçiren hökümet maslahatynda oba hojalygynda zähmeti guramagyň täze, "öňdebaryjy usullaryna geçmegiň zerurdygyny" aýtdy. TDH döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, bu talap daýhan birleşikleriniň netijeliligini üpjün etmek maksadyndan ugur alýar. Prezident Berdimuhamedow wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe ýüzlenip, onuň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde her welaýatdan bir daýhan birleşigini hususy görnüşde... Читать дальше...
Türkmenistanda gurak gelen 2018-nji ýylda, ýurdy bagy-bossanlyga büremek kampaniýasynyň çäginde, ýazda we güýzde ýene 3 million düýp nahal oturdylar.