Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan daýhan birleşiklerini 'hususy görnüşde işlemäge' geçirýär

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy fewralda geçiren hökümet maslahatynda oba hojalygynda zähmeti guramagyň täze, "öňdebaryjy usullaryna geçmegiň zerurdygyny" aýtdy. 


TDH döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, bu talap daýhan birleşikleriniň netijeliligini üpjün etmek maksadyndan ugur alýar.


Prezident Berdimuhamedow wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe ýüzlenip, onuň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde her welaýatdan bir daýhan birleşigini hususy görnüşde işlemäge geçirmek meselesiniň üstünde işlemegini, soňra beýleki daýhan birleşiklerini hem işiň şu görnüşine geçirmegi tabşyrdy.


Emma prezidentiň “hususy görnüşde işlemek” diýýäniniň nämedigi anyklaşdyrylmaýar.


Berdimuhamedow geçen ýyl oba hojalyk pudagynyň işini yzygiderli tankyt etdi we bugdaý, pagta hasyly bilen baglylykda käbir ýolbaşçylary täzeledi, oba hojalyk reformalarynyň netije bermeýändigini gytaklýayn tassyk etdi. 


Şeýle-de prezident daşary ýurtlardan import edilýän gök-bakja, miwe önümlerini azaldyp, eksport edilýän önümleri köpeltmegi talap edýär we geçen ýyl ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýörite komissiýa döredildi. Emma muňa garamazdan, ýurduň bazarlarynda gök-bakja, miwe önümleriniň bahasy arzanlaman, barha ýokarlanýar.


Ýerli synçylar oba hojalygyndaky esasy problemanyň daýhanlarda hiç bir erk-ygtyýaryň bolmazlygy bilen baglydygyny öňe sürýärler.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus