Türk telekanallarynda görkezilen bir habarda aýdylşyna görä, işleýän öýünde hojaýynynyň gymmaty 900 müň dollary geçýändigi aýdylýan şaý-sepini ogurlamakda aýyplanýan türkmenistanly migrantlar ele salynypdyr.
Türkmenistanda raýatlaryň Visa bank kartlaryna pul salmak we bu serişdäni daşary ýurtlarda nagtlaşdyrmak ýa-da nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak düzgünleriniň togtadylandygyny, türkmen banklarynyň jogapkär resmileri aýdýarlar.
Özbegistanyň häkimiýetleri prezident Şawkat Mirziýoýewiň administrasiýasy tarapyndan ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasynda geçirilýän arassalaýyşlaryň dowamynda ýurduň öňki baş prokuroryny tussag etdiler. Ýurduň baş prokuraturasynyň resmisiniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna (AÝ/AR) aýtmagyna görä, Raşid Kodirow 22-nji fewralda tussag edilipdir we Daşkentde derňewçiler tarapyndan sorag edilipdir. AÝ/AR-sy bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan özbek resmisiniň sözlerine görä, ýene iki sany prokuror tussag edilipdir. Читать дальше...
Owganystanyň, Türkmenistanyň, Pakistanyň we Hindistanyň baş resmileri 23-nji fewralda TOPH gaz geçirijisiniň Owganystana degişli böleginiň gurluşygynyň düýbüni tutýarlar. Milliardlarça dollarlyk gaz geçirijiniň regionyň energiýa serişdelerine bolan zerurlyklaryny üpjün etmegine garaşylýar. Hyratdaky dabara Owganystanyň, Türkmenistanyň prezidentleri Aşraf Ghani we Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle-de Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi we Hindistanyň daşary işler boýunça döwlet ministri... Читать дальше...
“Amnesty International” guramasy ýyllyk adam hukuklary hasabatyny çap edip, ýene bir gezek dünýä ýüzünde adam hukuklary ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyna ünsi çekdi.
Orsýetiň buzda şekilli taýmak boýunça sportsmeni Alina Zagitowa Pýongçangda geçýän Olimpiýa oýunlarynda 23-nji fewralda altyn medal gazandy we öz watandaşy Ýewgeniýa Medwedewadan öňe çykdy. 15 ýaşly Zagitowa we 18 ýaşly Medwedewa görkezijileri boýunça bir-birine duldegşir ýakyn bolupdy. Emma Zagitowa 21-nji fewralda gysga programmasy bilen eden çykyşynda Medwedewadan öňe çykdy. Medwedewa kümüş medal gazandy. Orsýet dört ýyl mundan ozal Soçide geçiren gyşky olimpiýa oýunlarynda giň möçberli dopinge ýol bermekde aýyplanyp... Читать дальше...
Regional liderler metbugat habarlarynda bahasy 8-10 milliard dollara barabar bolan TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berdiler. Bu geçiriji arkaly energiýa çeşmelerine baý Türkmenistan Owganystanyň üsti bilen öz gazyny Pakistana we Hindistana eksport eder.
ABŞ Orsýeti Siriýanyň gündogar Ghouta regionyny bombalamagy üçin tankyt etdi we Moskwanyň şu aýda Damaskyň eteginde 400-den gowrak adamyň ölümine “seýrek jogapkärçiligi” üçin tankyt etdi. Döwlet departamenti Orsýeti Siriýanyň hökümetiniň gyrgynçylygy bes etmegi üçin öz täsirini ulanmaga çagyrdy. Şol bir wagtda-da, ABŞ-nyň diplomatlary Ghoutada ok atyşygy bes etmek boýunça 30 günlük arakesme baradaky rezolýusiýany talap edýärler, 23-nji fewralda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde ses berişligiň geçirilmegi planlaşdyrylýar. Читать дальше...
Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky döwlet edara-kärhanalarynyň her birinden ortaça 3-6 adam şu ýylyň aprel aýynda geçirilmegi planlaşdyrylýan welosipedli ýörişlere gatnaşmaly edildi diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçysy aýdýarlar.