4-nji fewralda Eýranyň Yslamçy rewolýisiýa sudunyň öňüne getirilmeli edilen eýranly hristianlar özlerine garşy 2017-nji ýylda çykarylan hökümden şikaýat edýärler. Olar “injilçilik etmekde” we "bikanun ybadathana işleri bilen meşgullanmakda” günäli tapyldylar. Pastor Wiktor Bet Tamraz, Amin Afşar Naderi we Hadi Asgari dagynyň hersine, özlerine garşy bildirilen jenaýat aýyplamalary esasynda, şertli 10 ýyl türme tussaglygy berildi. Mundanam başga, yslamçy sudýalar Naderä, hudaýa şek ýetirmekde aýyplap... Читать дальше...
Rus oppozisiýa aktiwisti Konstantin Sinitsyn ýaşaýan kwartirasynyň alkymynda, Sankt-Peterburgdaky köp gatly jaýyň girelgesinde kellesine ýara salnan ýagdaýda, öli tapyldy. Sankt-Peterburgyň Kanunçylyk assambleýasynyň deputaty Boris Wişnewski bu habary 2-nji fewralda çap etdi, ýogsa bu waka 26-njy ýanwarda bolana meňzeýär. Wişnewski Sinitsyn kellesindäki ýaradan öldi, polisiýa güman edilýän jenaýatçyny tussag etdi diýdi. 53 ýaşyndaky Sinitsyn Sankt-Peterburgda guralýan demokratiýa tarapdar we... Читать дальше...
Orsýetiň Goranmak ministrligi 3-nji fewralda Siriýanyň asmanynda rus söweş uçarynyň urlup ýykylandygyny, pilotyň wepat bolandygyny tassyk etdi. Ministrligiň beýanatynda pilotyň uçardan böküp ýetişendigi, emma Siriýanyň hökümetine garşy uruşýan pitneçileriň ýesir almagyna garşylyk görkezende öldürilendigi aýdylýar. Şeýle-de beýanatda deslapky derňewleriň uçaryň egne göterilýän uçara garşy raketa bilen urlandygyny görkezýändigi bellenilýär. Siriýanyň düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklary obserwatoriýasy... Читать дальше...
Swat deresindäki goşun bazasynda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran hüjümi pakistan esgerleriniň azyndan 11 sanysyny öldürdi, 13-sini bolsa ýaralady diýip, Pakistan goşunynyň beýanatynda aýdylýar. Bu waka 3-nji fewralda, goşunyň sport çärelerini geçirýän ýerinde, esgerleriň woleýbol oýnaýan wagtynda boldy. Bu oýna tomaşa edýän asuda adamlar hem kändi. Ölenleriň arasynda bir ofiser hem bar. Hüjümiň jogapkärçiligini Pakistan “Talybany” öz üstüne aldy we ony “öç alyş hüjümi” diýip atlandyrdy. Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp respublikanlaryň ýazan kongres belliginde özüniň doly tassyklanylandygyny, sebäbi ol ýerde FDB-nyň Trampyň prezident saýlawlary kampaniýasynyň Orsýet bilen mümkin bolan baglanyşygyny derňände öz gözegçilik ygtyýarlyklaryny bikanun ulanandygynyň öňe sürülýändigini aýtdy. Tramp 3-nji fewral güni giçlik twitterde “Bu bellik derňewdäki “Trampy” doly tassyklaýar, emma rus arwah awlamasy ýene we ýene dowam edýär” diýip ýazdy. Tramp ol ýerde “dil düwüşmäniň-de, öz adminstrasiýasy... Читать дальше...
Türkmenistan Ykdysady azatlyk indeksiniň ýyllyk hasabatlarynda iň yzdakylaryň hatarynda süýrenmegini dowam etdirýär.
Owganystandaky durnuksuzlyk we şeýle-de Pakistanda ýurtdaky migrantlara garşy girizilen çäklendirmeler sebäpli ol ýurtlardan Eýranyň üsti bilen Türkiýä aşmak isleýän etniki türkmenleri sanynyň barha köpelýändigi aýdylýar.