Gazagystan Russiýa, Gyrgyzystan, Özbegistan bilen serhet çäklendirmelerini ýatyrdy
Bu çäklendirmeler Gazagystanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle-de Gazagystanyň şu üç ýurt bilen aradaky döwlet serhedinden geçmekçi bolýan raýatlygy bolmadyk adamlar üçin 11-nji aprelde ýatyryldy diýip, häkimiýetler aýtdy.
Bu karar 6-njy aprelde, Gazagystanyň koronawirusyň öňüni almak boýunça döwlet gullugy tarapyndan kabul edildi.
Russiýa Gazagystan bilen aradaky gury ýer serhet geçelgelerinde keselçilik bilen bagly girizen çäklendirmelerini 30-njy martda ýatyrdy.