Türkmenistanyň daşary işler ministri owgan kärdeşi bilen duşuşdy
Gepleşikleriň barşynda ähli ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy, TOPH, TOP ýaly energiýa, demirýol taslamalaryny durmuşa geçirmek barada pikir alşyldy.
Diplomatlar iki ýurduň howpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek zerurlygyny nygtadylar diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de R.Meredow şol gün Hytaýyň daşary işler ministri Wan I; eýranly kärdeşi Hosseýn Amir Abdullahýan bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alyşdy.