Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Baýden aňtaw gullugyna Nawalnynyň zäherlenmegi, Russiýanyň "duşmançylykly hereketleri" barada maglumat toplamagy tabşyrdy

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden gizlin gulluklara rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegi barada maglumat ýygnamagy, şeýle-de çaklanylýan duşmançylykly hereketlere - ABŞ-daky saýlawlara gatyşylmagyna we Amerikanyň hökümet resurslaryna giň gerimli haker hüjüminiň edilmegine "doly baha bermegi" tabşyrdy. Bu barada Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki habar berdi.


"ABŞ-nyň bähbitlerini öňe sürmek üçin Russiýa bilen işleşýän-de bolsak, biz Russiýany oýlanyşyksyz we duşmançylykly hereketleri üçin jogapkärçilige çekmek ugrunda hem tagalla edýäris. Şu maksat bilen prezident aňtaw gullugymyzdan Russiýanyň “Solar Windse” eden haker hüjümi, 2020-nji ýyldaky saýlawlara rus gatyşmasy, oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň garşysyna himiki ýaragyň ulanylmagy, şeýle hem ABŞ-nyň Owganystandaky harbylaryna edilen hüjümler üçin pul tölenendigi baradaky maglumatlar babatda hasabat taýýarlamagy haýyş etdi” diýip, Psaki aýtdy.


Mundan öň "Waşington Post" çeşmelere salgylanyp, Baýdeniň Russiýa bilen gatnaşyklary "täzeden gurmak" niýetiniň ýokdugyny we Kremliň "agressiw hereketlerine" jogap hökmünde täze çäreleri taýýarlaýandygyny habar berdi.


Dekabr aýynyň ortalarynda ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň serişdelerine giň gerimli kiber hüjüminiň edilendigi mälim boldy. Bu hüjüm bäş ýyl içinde edilen iň uly hüjüm diýlip yglan edildi.


ABŞ-ly resmiler we bilermenler azyndan alty sany hökümet edarasynyň, şol sanda Gazna, Döwlet departamentleriniň we Pentagonyň torlarynyň döwülendigini we müňlerçe kompaniýanyň zyýanly kodlar bilen zäherlenendigini aýdýarlar.


Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 18-nji ýanwarda Günbatar syýasatçylarynyň Alekseý Nawalnynyň Russiýa gaýdyp gelmegi bilen bagly düşündirişleriniň olaryň öz ýurtlaryndaky "çuňňur krizisden ünsi sowmak" maksadyny yzarýandygyny aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus