Rus resmileri öňümizdäki dynç günleri Alekseý Nawalnyny goldamak üçin ýurt boýunça geçiriljek köçe protestleriniň öňüni almak tagallalarynda hiç hili maýylgan alamat görkezmeýär. Resmiler adamlary köçä çykmaga çagyran birnäçe Kreml tankytçysynyň ýaranlaryny tussag edip, demonstrantlara türme haýbatyny atýar, rugsat berilmedik islendik çäräni “dessine basyp ýatyrmaga” äht edýär. Nawalnynyň ýaranlary onuň Russiýadan Germaniýa dolanan badyna tussag edilmegine garşylyk bildirmek üçin ýurt boýunça... Читать дальше...
Bagtly maşgala gurmak arzuw-umydy bilen durmuşa çykan Dursunyň duçar galan agyr durmuşy Türkmenistanda maşgaladaky zorlugyň gerimini açyp görkezýär. “Bir gezek adamsy urup, onuň elini döwdi. Ol hassahana ýerleşdirilende lukmanlara ‘ýykyldym’ diýdi. Adamsyny gorady. Dursun durmuşa çykaly bäri adamsynyň zulmuna, onuň urgularyna çydap gelýär” diýip, orta ýaşlaryndaky bir zenan maşgala Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Lebapda polisiýa we howpsuzlyk gulluklary yslam däp-dessurlaryny berjaý edýän raýatlary yzarlamak, olara mejbury alkogol içirtmek, şeýle-de sakgal goýberen adamlaryň sakgallaryny syrdyrmak çärelerini ýene güýçlendirýärler.
Lebapda polisiýa we howpsuzlyk gulluklary yslam däp-dessurlaryny berjaý edýän raýatlary yzarlamak, olara mejbury alkogol içirtmek, şeýle-de sakgal goýberen adamlaryň sakgallaryny syrdyrmak çärelerini ýene güýçlendirýärler. Azatlyk Radiosynyň ýurduň gündogar welaýatyndaky habarçysy bu görnüşli reýd çäreleriniň ýylyň dowamynda ençeme gezek geçirilýändigini, ozalky gezeklerden tapawutlylykda indi howpsuzlyk güýçleriniň, yslam dini adatlaryny berjaý edýänleri ýüze çykarmak üçin, şugullary hem işjeň ulanyp başlandyklaryny belleýär. Читать дальше...
Türkmenistanda mekdep okuwçylaryň rus dilinde sapak berýän klaslardan türkmen klaslaryna geçirýän ýagdaýlary köpeldi. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, munuň geljekde ýaşlaryň uniwersitetlere girmek mümkinçiligi bilen baglanyşygy bar. Köpler uniwersitetlere girenlerinde türkmen synplaryny gutaranlara artykmaçlyk beriljekdigine ynanýarlar. Azatlygyň habarçylary köp sanly mekdep okuwçysynyň, ilkinji nobatda-da, mekdebi gutarýanlaryň türkmen dilinde okandygy hakynda attestat almak... Читать дальше...
Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy rus häkimiýetlerini tussag edilen Kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň garşysyna alnyp barylýan "bikanun" kampaniýanyň bes edilmegine çagyrýanalara goşuldy. Nawalnynyň kömekçilerine hepde ahyrynda bütin ýurt boýunça geçirilmekçi bolýan protestleriň öňünden basyş edilýär. Häkimiýetler sosial media we habar ulgamlaryna planlaşdyrylýan protest barada maglumat ýaýratmazlyk duýduryşyny bermek bilen, 21-nji ýanwarda 44 ýaşly oppozisioneriň azyndan bäş ýaranyny tussag etdiler. Читать дальше...
"Roýters" habar gullugynyň maglumatyna görä, Bagdadyň merkezinde bolup geçen goşa partlamada azyndan 32 adam ölüp, 110 adam ýaralandy. Häkimiýetler janyndan geçen hüjümçileriň Taýaran meýdançasyndaky egin-eşik bazarynda özlerini partladandyklaryny aýtdy. Partlamalardan soň gelen habarçylar gana çaýkalan meýdançany we taşlanan aýakgaplary gördüler. Adyny aýtmadyk köçe satyjysy partladyjylaryň biriniň ýere ýykylyp, garnyndaky agyrydan şikaýat edendigini we şol wagtda hem bedenine berkidilen bombany partladandygyny gürrüň berdi. Читать дальше...
Gyrgyzystanyň saýlanan prezidenti Sadyr Žaparowyň kasam kabul ediş dabarasy 28-nji ýanwarda bolar. Bu barada Žaparowyň metbugat sekretary Galina Baýterek habar berdi Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 21-nji ýanwarda irki prezident saýlawlarynyň ýeňijisini yglan etmek bilen, Sadyr Žaparowy ýurduň saýlanan prezidenti hökmünde ykrar etdi . Ses berişligiň netijelerine görä, ol 1 million 105 müň 248 ses aldy, bu 10-njy ýanwarda ses berenleriň 79,2 göterimi bolýar. Ikinji ýer Adahan Madumarowa degişli ... Читать дальше...
Gyrgyzystanda irki prezident saýlawlary we hökümetiň görnüşini üýtgetmek boýunça referendum Sadyr Žaparowyň häkimiýetini kanunlaşdyrmak ugrundaky ilkinji ädim boldy. On ýyl arakesmeden soň ýaňadan girizilýän güýçli prezident dolandyryşy bu ýurda hem onuň goňşularyna näme berip biler? Gyrgyzystanda geçen prezidentlik saýlawlary hem parlament usulyndan prezident dolandyryş görnüşine geçmek baradaky referendum Sadyr Žaparowa goşa ýeňiş getiren ýaly. 17 tamakiniň arasynda ilkibaşda Sadyr Žaparow iň... Читать дальше...
ABŞ-da ozal görlüp-eşidilmedik içerki syýasy krizisiň hem-de weýrançylykly global pandemiýanyň arasynda, ýene-de sanlyja günden Jo Baýden ABŞ-nyň prezidenti wezipesine girişer. Tejribeli syýasatçy otuz ýyl senator boldy hem-de Barak Obamanyň wise-prezidenti boldy. Baýden COVID-19 sanjymlarynyň depginini güýçlendirmegi, ykdysady dikeldişi hem-de Donald Trampyň prezidentlik möhletinde agzy alaran ýurdy jebisleşdirmäge synanyşmagy wada berýär.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden gizlin gulluklara rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegi barada maglumat ýygnamagy, şeýle-de çaklanylýan duşmançylykly hereketlere - ABŞ-daky saýlawlara gatyşylmagyna we Amerikanyň hökümet resurslaryna giň gerimli haker hüjüminiň edilmegine "doly baha bermegi" tabşyrdy. Bu barada Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki habar berdi. "ABŞ-nyň bähbitlerini öňe sürmek üçin Russiýa bilen işleşýän-de bolsak, biz Russiýany oýlanyşyksyz we duşmançylykly hereketleri... Читать дальше...