Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmen gazetleri, syýasy repressiýalaryň öňki we häzirki ‘rowaçlyklary’; Türkmen türmesinde ýogalandygy tassyklanan onunjy ‘noýabrçy’, ozalky häkim Ýazgeldi Gündogdyýew baradaky söhbetlerimizi diňlemäge we öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
PANDEMIÝADAN SOŇ GELJEK «TÄZELIK» Geçen ýylda Merkezi Aziýanyň awtoritar ýurtlary pandemiýa bilen baglanyşykly girizilen karantin bahanasy bilen dürli yzarlamalary güýçlendirdi, bu bolsa halkara guramalarynyň tankytlaryna sebäp boldy. Epidemiýa döwründe Merkezi Aziýada maşgaladaky zorlugyň köpelendigi göze ildi, öz janyna kast edenleriň sanynyň artmagy alada döretdi. Bu aralykda, pandemiýa döwründe Gazagystanda möhüm kanunlar kabul edildi, Özbegistanda bolsa metbugata gözegçilik güýçlendirildi. Читать дальше...
Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende ýurtda kitap, gazet-žurnal okamak, oýun, kino görmek babatynda emele gelen ýagdaýy bölekleýin boýun aldy we garaşylýan, gözlenip okalýan gazet-žurnallaryň, kitaplaryň, tomaşaçy çekýän sahna, kino eserleriniň ýokdugyny açyk aýtdy.
Twitter kompaniýasy 8-nji ýanwar agşamy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 88 milliondan gowrak abunaçysy bolan twitter hasabyny hemişelik petikledi. “@realDonaldTrump twitleriniň iň soňky twitleri we olar bilen bagly mazmun, hususan-da olaryň Twitterde kabul edilişi we düşündirilişi ünsli gözden geçirilenden soň, zorluga meçew berilmek töwekgelligi sebäpli, biz bu hasaby hemişelik ýatyrdyk” diýip, korporasiýanyň çap eden beýanatynda aýdylýar. Şeýle-de, kompaniýa ABŞ-nyň prezidenti Donald... Читать дальше...
Eýranyň ruhy lideri Aýatolla Hameneýi telewideniýede eden çykyşynda ABŞ-da we Angliýada işlenip düzülen koronawirus sanjymlarynyň importuny gadagan etmegi buýrandygyny aýtdy. Hameneýi bu sanjymlaryň netijeliligine ynanmaýandygyny aýtdy. "Amerikalylar sanjym döredip bilýän bolanlygynda, olaryň öz ýurtlarynda koronawirus bilen bagly beýle başagaýlyklar bolmazdy" diýip, “Roýters” habar gullugy aýatollanyň sözlerini sitirleýär. Hameneýiniň pikiriçe, ABŞ-da günde birnäçe müň adamyň koronawirusdan... Читать дальше...
Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Reşit Meredow 8-nji ýanwarda Owganystana iki günlük iş saparyna baryp, paýtagt Kabulda Owganystanyň prezidenti bilen duşuşdy. TDH bir gün öň ýurduň baş diplomatynyň goňşy ýurtda Howpsuzlyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan iş toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisiniň işine gatnaşjakdygyny habar berdi. Resmi maglumata görä, Meredowyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň agzalary Kabulda daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän syýasy geňeşmelere gatnaşar. Читать дальше...
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) öňki bäş prezidenti ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Jo Baýdeni 20-nji ýanwarda işe başlanyndan soň, ABŞ-nyň Global metbugat gullugynyň başlygy Maýkl Pakyň ornuna başga birini bellemek üçin çalasyn hereket etmäge hem-de ABŞ-nyň federal derejede maliýeleşdirilýän halkara radio gepleşikleriniň “dürslügini goramak” üçin zerur bolan beýleki çäreleri görmäge çagyrdy. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň öňki prezidentleriniň Baýdene 8-nji ýanwarda iberen bilelikdäki hatlarynda... Читать дальше...