Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июнь
2025
1
7
8
15
21
28
29

Новости за 19.06.2025

Azathabar.com 

Russiýanyň baş diplomaty 24-25-nji iýunda Türkmenistana sapar eder

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 24-25-nji iýun aralagynda Türkmenistana resmi sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat wekili Mariýa Zaharowa mälim etdi diýip, 19-njy iýunda Interfax gullugy habar berdi. "Taraplar göz öňünde tutulýan ýokary derejeli syýasy duşuşyklary, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar" diýip, Zaharowa 19-njy iýunda Sankt-Peterburg halkara... Читать дальше...

Azathabar.com 

Häkimiýetler köp eýranlyny internetden kesýär - Gözegçilik guramasy

Ysraýylyň edýän howa hüjümleriniň arasynda ýurt içindäki adamlaryň köpüsiniň maglumat almaga çalyşýan wagtynda, döwlet häkimiýetleri tarapyndan döredilen bökdençlikler sebäpli, Eýranyň köp bölegi ýarym günden gowrak wagtlap internet elýeterliliginden kesildi. "Metrikler, maglumatlar Eýranyň indi 12 sagatdan gowrak wagt bäri oflaýn ýagdaýda galýandygyny görkezýär, häkimiýetler Ysraýylyň bu ulgamy harby maksatlar üçin hyýanatçylykly peýdalanandygyny öňe sürüp, interneti tutuş ýurt boýunça bagladylar” diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýranyň Ysraýyla atan raketalary keselhana zeper ýetirdi; Tramp konflikte goşulmak ähtimallygyny göz öňünde tutýar

Eýranyň Ysraýyla garşy atan raketasy ýurduň dürli künjeklerine, şol sanda hassahana-da zyýan ýetirdi. Bu ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Waşingtonyň heniz bu konflikte goşulmagy meýilleşdirmeýändigini, ýöne Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak üçin zerur bolanda harby çäreleriň ulanylmagy mümkin diýip çykyş edeninden birnäçe sagat soň boldy. Ysraýylyň harby ýolbaşçylary 19-njy iýunyň ir sagatlarynda ýurduň birnäçe ýaşaýyş zolagynyň, şol sanda Beer-Şewa şäherindäki keselhananyň hem... Читать дальше...

Azathabar.com 

Maryda jokrama yssyda ilatyň elektrik üpjünçiligi ýaramazlaşýar

Mary welaýatynda howanyň temperaturasy 40 gradusa çenli golaýlaýan mahaly, sebitde ýaşaýyş jaýlaryna berilýän elektrik energiýasynyň üpjünçiligi gün-günden ýaramazlaşýar. Elektrigiň güýji ep-esli peselip, otaglardaky lampa çyrany zordan ýakyp bolýar. Üpjünçiligiň ýaramazlaşmagynyň ilatyň gündelik durmuşyna ýetirýän täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy iýunda sebitden maglumat berdi. “Häzir etraplaryň we obalaryň köpüsinde tok gündizlerine 100 wolta, agşamara 80 wolta çenli düşýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Myrat Duşemowyň türme möhleti doldy, emma ol öýüne dolanmady

Tanymal türkmen raýat aktiwisti we syýasy tussag Myrat Duşemow 4 ýyllyk türme tussaglygynyň möhleti gutaransoň öýüne gaýdyp barmady. Turkmen.news neşiriniň maglumatyna görä, Duşemow 14-nji iýunda boşadylmalydy. Garaşsyz neşiriň 18-nji iýunda çap eden maglumatynda tussaglyk möhleti gutaran Duşemowyň garyndaşlaryna onuň nirededigi aýdylmandyr. "Duşemow häzirki wagtda LB-E/12 koloniýasynda däl. Garyndaşlaryna onuň nirededigi aýdylmaýar" diýip, Turkmen.news neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew aýdýar. "Maşgalasy ony gözleýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýran eksporty 'kesilýär', Aşgabadyň import sepi 'açylýar'

Türkmenistanyň Eýrandan import edýän harytlarynyň akymy kesilýär, mundan öň türkmen daýhanlarynyň öndüren önümleriniň ýerli bazarlardaky orunlaryny tas doly "basyp alan önümler bazar tekjelerinden uçýar" diýip Azatlygyň habarçylary habar berýär. Synçylar importa baglanan 'arzançylygyň' ertirki gün üçin sapak bolandygyny aýdýarlar. Geçen aý Aşgabat Tähran bilen serhediň aýry-aýry böleklerinde söwda zolaklaryny döredip, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny 3 milliard dollara çenli ýokarlandyrmagyň maslahatyny edipdi. Читать дальше...




Azathabar.com 

Eýranyň Ysraýyla uran zarbalarynda keselhana binasyna zeper ýetdi

Eýranyň öten agşamyň dowamynda Ysraýyla garşy atan raketalarynyň netijesinde ýurduň günortasyndaky Beýer-Şewa şäherinde ýerleşýän iri “Soroka” keselhanasynyň binalar toplumyna zeper ýetdi. Raketa zarbalary Holonda we Ramat-Ganda hem hasaba alyndy. Saglyk işgärleriniň soňky maglumatlaryna görä, onlarça adam ýaralandy, olaryň üçüsiniň ýagdaýy agyr. Gijeki hüjümde umumylykda 30-dan gowrak raketa atyldy. Ysraýylda birnäçe gezek howa duýduryşy yglan edildi. Ysraýyl häkimiýetleri Eýrany raýat desgalaryna hüjüm etmekde ýene-de aýyplady. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ student wizalaryna dalaşgärleriň sosial ulgamlardaky işjeňligini barlar

ABŞ-nyň konsullyk işgärleri student wizalaryna ýüz tutýanlaryň sosial ulgamlaryndaky hasaplaryny barlar. Munuň olaryň hataryndan Birleşen Ştatlara garşy “duşmançylyk duýgularyny” öňe ilerledýänleri ýüze çykarmak maksady bilen amal edilýändigi bellenilýär. 18-nji iýunda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilleri tarapyndan berlen maglumata görä, bu kategoriýalara degişli dalaşgärleriň ählisinden sosial media hasaplaryny elýeterli görnüşde hödürlemek talap ediler. Amerikan konsullyk işgärlerine, dalaşgärleriň ABŞ-nyň raýatlaryna... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan 89 gazagystanly ewakuasiýa edildi

Ýakyn Gündogardaky konfliktiň möwjemegi bilen, Gazagystan Eýrandan, Türkmenistanyň üsti bilen, 89 adamy ewakuasiýa etdi. Bu barada tengrinews neşiri 18-nji iýunda Gazagystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 18-nji iýunda ýaýradan beýanatyna görä, Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär. Häzire çenli, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan... Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus