Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июнь
2025
1
7
8
15
21
28
29

Новости за 17.06.2025

Azathabar.com 

Türkmenistandan çykmak gadagançylygyna duçar bolan türk raýatynyň aýaly Türkiýedäki maşgalasyna gowuşdy

Türkiýäniň raýtlary bilen durmuş guran we pasportyny çalyşmak üçin Türkmenistana barandan soň ýurtdan çykyp bilmedik türkmenistanly zenanlaryň ýene biri Türkiýedäki maşgalasyna gowuşdy. Azatlyk Radiosy Dilfuza Arslan bilen gürleşip bildi. Dilfuzanyň 6-njy iýunda Türkiýe barandygyny onuň adamsy Rüstem Arslan Azatlyk Radiosyna şol gün habar berdi. Bir ýyldan gowrak wagtlap Türkmenistandan çykyp bilmedik Difuza öz başdan geçirenlerini şeýle gürrüň berdi: “[Maýsa Özkanyň ýoldaşy] Ýylmaz bilen ýoldaşym... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ysraýyl zarbalary dartgynlylygy ýokarlandyrýar, Tähran heläkçiligiň gyrasynda

Ysraýylyň Tähranyň iň bir kaşaň we gür ilatly sebitleriniň birine, 3-nji etrabyna howa zarbalaryny urmak isleýändigini aýdyp, bu töwereklerde ýaşaýan adamlaryň ewakuasiýa edilmegi barada beren duýduryşy ozaldanam ýetik bolan galagopluklaryň ýene-de ýokarlanmagyna getirdi. Soňky günlerde bu iki ýurt birek-birege howa zarbalaryny urup, ikarada onlarça asuda adamyň ölümine sebäp boldy. Emma iň ýygjam hüjümler Tährana edildi. Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Ysraýylyň goranmak güýçleriniň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ysraýyl Eýrana garşy “giň gerimli” hüjümleri amala aşyrýar, Tramp konflikte “hakyky soň” goýmaga çagyrýar

Ysraýylyň harby güýçleri Eýranyň günbatar sebitlerinde birnäçe nyşana garşy giň möçberli howa hüjümlerini amala aşyrandygyny mälim etdi. Şol bir wagtda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Kanadada geçirilýän “Ýedilik toparynyň” (G7) sammitinde çykyş edip, konflikte diňe wagtlaýyn däl-de, “hakyky soň goýmaga” çagyrdy. “Men ýönekeý ok atyşlygyň bes edilmegini däl, ok atyşlykdan has gowy zady gazanmak isleýärin. diýip, Tramp Kanadanyň Alberta welaýatynda Air Force One uçaryndan žurnalistlere aýtdy. Ol “ok atyşlyklaryň bes edilmegini däl-de”... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyk türkmen gazynyň Eýranyň üstünden akdyrylmagyny soraga goýýar - bilermen

Gaz eksportunyň ugurlaryny artdyrmagy maksat edinýän Türkmenistan şu ýyl goňşy Eýranyň üstünden Türkiýä we Yraga gaz satyp başlamak işine girişdi. Eýranyň we Ysraýylyň arasyndaky hüjümler Türkmenistanyň gaz eksportyna nähili täsir ýetirip biler? Azatlyk Radiosy bu barada düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” geňeşdarlyk guramasynyň energetika howpsuzlygy boýunça bilermeni Jon Roberts bilen söhbetdeş boldy. Jon Robert Eýranyň energiýa infrastrukturasy Ysraýylyň hüjümleriniň öňünde ejiz diýýär.... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkiýe parlamentiniň agzasy türkmen aktiwistlerini deportasiýa etmezlige çagyrdy

Türk parlamentiniň agzasy we adam hukuklarynyň goraýjysy Omer Faruk Gergerlioglu Türkiýäniň deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen aktiwistleri Abdulla Orusowyň we Alişer Sahatowyň yzyna ugradylmagynyň derrew öňüni almaga çagyrdy. 3-nji iýundaky bu çykyşa türkmen.news neşiri ünsi çekdi. Aktiwistleriň egindeşleri we hukuk goraýjylar olaryň Türkmenistana dolanan halatynda yzarlamalara, gynamalara we hatda türmede ýitirim edilmä duçar bolup biljekdigine alada bildirýärler. Türk syýasatçy 3-nji iýunda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Internet gözegçiligi ýene güýçlendirilýär, polisiýa 'gazanç aladasynda' - Çeşmeler

Türkmen häkimiýetleri internete, türkmenistanlylaryň garaşsyz maglumat almak tagallalaryna garşy alyp barýan göreşlerini dowam etdirýärler, internete edilýän gözegçilik Gurban baýramyndan soň ýene güýçlendirildi diýip, Azatlygyň Balkan sebitindäki habarçysy habar berdi. Şu aralykda Lebapda IT hünärmenlerine garşy ulanylýan polisiýa, para basyşlary güýçlendi. Türkmenabatda maglumat tehnologiýasy bilen meşgullanýan ýaşlary gorkuzyp, para bermäge mejbur etmek synanyşyklary güýçlenýär diýip, sebitdäki habarçymyz ýazýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp G7 sammitini wagtyndan öň terk etdi, Tährandan ewakuasiýa çagyrdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp G7 toparynyň Kanadada geçirilýän sammitini wagtyndan öň terk etdi. Munuň Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň düýpli ýitileşmegi bilen baglanyşyklydygyny Ak tamyň metbugat wekili Kerolýn Lewitt 16-njy iýunda aýtdy. Mundan öň, Tramp özüniň Truth Social platformasynda çap eden postunda Tährandan gyssagly ewakuasiýa çagyrdy. “Eýran meniň olara gol çekmegi ündän ylalaşyga gol çekmelidi. Gysgaça aýdylanda, Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna ýol berilmeli däldir. Muny gaýta-gaýta aýdyp geldim! Читать дальше...

Azathabar.com 

Netanýahu Eýranyň ýokary ruhany liderini öldürmek ähtimallygyny aradan aýyrmaýar

Ysraýylyň premýer-ministri Beniýamin Netanýahu, ABC News telekanalyna beren interwýusynda, Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýini ýok etmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, “bu hereket konfliktiň ulalmagyna däl-de, onuň soňuna çykmagyna getirip biler”. Netanýahu bu beýanaty bilen, Günbatar metbugatynyň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ysraýylyň Hameneýini ýok etmek baradaky planlaryny ret edendigi baradaky maglumatlaryna jogap berdi. Tramp bu ädimiň... Читать дальше...




Azathabar.com 

Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitine gatnaşýar

17-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystana resmi sapary amala aşyrýar. Ol Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” görnüşindäki ikinji sammite gatnaşar. Berdimuhamedowy Astananyň aeroportynda gazak premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmiler garşylady. 16-njy iýunda sammite gatnaşmak üçin Hytaýyň ýolbaşçysy Si Jinpingiň hem gelendigi habar berildi. Ony Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew garşylady. “Merkezi Aziýa – Hytaý” ilkinji sammiti 2023-nji... Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus