Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июнь
2025
1
7
8
15
21
28
29

Новости за 16.06.2025

Azathabar.com 

"Awaza" gyssagly bejerilýär, işe çydamadyklar öýüne 'boş gaýdýar'

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň daş-töweregini ýokary derejede abadanlaşdyrmak üçin sebitlerden ýüzlerçe işçi migrant getirildi, olar günde sekiz sagatdan has kän, agyr şertlerde işlemeli bolýarlar, üstesine, tabşyrylan işleri wagtynda ýerine ýetirip bilmeseler işlän günleriniň haklaryny hem alyp bilmezler diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän desgalaryň töwereginde başlanan işler öz wagtynda tamamlanyp, ‘birkemsiz görnüşde’ tabşyrylmaly... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň fonunda hüşgärligini artdyrdy

Türkmenistan Ysraýylyň Eýranyň ýadro we harby nyşanalaryna garşy amala aşyran zarbalary bilen baglylykda Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa aladalanma bildirýär. Resmi Aşgabat duldegşir goňşusy Eýran bilen serhetden öz giňişligine geçýän daşary ýurtlulara ynsanperwer kömegini amala aşyrýandygyny aýdýar, Azatlygyň çeşmeleri ýurt harbylarynyň ýokary taýýarlyk derejesini güýçlendirendigini habar berýärler. "13-nji iýunda eýrana hüjüm edilen wagtynda türkmen harbylary raketalaryň türkmen tarapyna tötänden uçup... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky hüjümler ýaýbaňlanýar

Ysraýyl, Eýranyň raketa zarbalarynyň Tel-Awiw we Haýfa şäherlerinde 8 adamyň ölümine getirmeginden soň, Tähranyň ýaşaýjylarynyň “munuň bahasyny tölejekdigini” duýdurdy. Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky hüjümleriň güýçlenmegi, Kanadada geçirilýän G7 sammitiniň gün tertibinde-de möhüm mesele bolup durýar. Ysraýylyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça milli gullugy 13-nji iýundan bäri Eýranyň hüjümlerinde 23 adamyň heläk bolandygyny habar berdi. Bu hüjümler Ysraýylyň Eýranyň ýadro maksatnamasy bilen bagly... Читать дальше...

Azathabar.com 

'Görülmedik' çekirtgeler ekini ýok edýär, häkimiýetlerden 'kömek ýok' - Daýhanlar

Soňky günlerde Türkmenistanyň ekin meýdanlaryna dökülen çekirtge sürüleri bir ýerden beýleki ýere uçanlarynda, olaryň kölegeleri Gün şöhlesiniň öňüni tutýar, olar süýşüp gelýän gara bulutlary ýatladýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Daýhanlary hökümetiň çekirtge belasyna garşy hiç bir çäre görmeýändigini öňe sürýärler. Azatlyk bilen gürleşen adamlar ýurduň ähli ýerinde çekirtgeleriň ekilen ekinlere we öňden gögerip oturan baglara uly howp salýandygyny, ilki Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

"Air India" ýolagçy uçarynyň heläkçiliginde ölenleriň sany 274 adama ýetdi

“Air India” awiakompaniýasynyň “Boeing 787-8 Dreamliner” kysymly uçarynyň Hindistanyň günbataryndaky Ahmadabad şäherinde ýykylmagy netijesinde ölenleriň sany 274 adama ýetdi diýip, NDTV neşiri habar berýär. Uçaryň bortunda jemi 242 adam, ýagny 230 ýolagçy we 12 ekipaž agzasy bardy. Olaryň arasyndan diňe bir adam, 40 ýaşly britan raýaty diri galdy. Mundan başga-da, uçaryň gaçan pursadynda ýerde bolan 33 adam heläk boldy. 12-nji iýunda London ugry boýunça uçmaly “Air India” awiakompaniýasynyň uçary... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň DIM-i ABŞ-nyň konsulyny çagyryp, girizilmegi mümkin wiza çäklendirmeleri boýunça düşündiriş sorar

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi, ABŞ tarapyndan käbir ýurtlaryň, şol sanda Gyrgyzystanyň raýatlaryna girizilmegi mümkin wiza çäklendirmeleri bilen baglanyşykly metbugatda peýda bolan maglumatlaryň fonunda, bu meseläniň resmi taýdan düşündirilmegi üçin Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň konsulynyň çagyryljakdygyny habar berdi. Ministrligiň 15-nji iýundaky maglumatyna görä, ABŞ häzirki wagtda daşary ýurt raýatlarynyň ýurduň çägine girmegini düzgünleşdirmek we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ysraýylda Eýranyň gijeki hüjümlerinden soň sekiz adam öldi

Eýranyň öten agşamyň dowamynda amala aşyran raketa hüjümleriniň netijesinde Ysraýylyň merkezi sebitinde azyndan 8 adam heläk boldy, 300 töweregi adam ýaralandy. Petah-Tikwa, Haýfa we Tel-Awiwiň eteklerindäki ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetdi ýa-da olar doly weýran boldy. Halas ediş toparlary gözleg işlerini dowam etdirýärler, käbir adamlaryň harabalyklaryň aşagynda galan bolmagy mümkin. Ysraýyl Eýrany ýaşaýyş sebitlerine bilkastlaýyn zarba urmakda ýene-de aýyplady. Eýran bolsa, 13-nji iýuna geçilýän... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan Eýranyň çäginden 120 adamyň öz serhedinden geçmegine rugsat berdi – DIM

Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky konfliktiň dowam etmegi bilen, Türkmenistan günorta goňşusynyň çägindäki daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle-de beýleki raýatlaryň çykmagy üçin öz territoriýasyny hödürledi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 16-njy iýunda ýaýradan beýanatyna görä, soňky maglumatlara laýyklykda, Eýrandan 120 töweregi adam, şol sanda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary ýurduň döwlet serhedinden geçipdir. Читать дальше...





Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus