Şu günler Mary şäherindäki “Ene mähri” merkeziniň we Mary etrap hassahanasynyň göwreli gelinlerden doludygyny, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar. Olar munuň mundan bir ýyl ozal abatlaýyş işleri geçirilip başlanan iki hassahananyň heniz hem ýapyklygyna galýandygy bilen baglanyşyklydygyny belleýärler.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Polisiýa işgärleriniň birnäçesi munuň Moskwanyň eteginde bolup geçen ýaragly hüjüm bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji martda sebitden maglumat berdi.
Türkmenistanda dümew alamatly keseliň giň ýaýramagy dowam edýär. Lukmanlar medisina kömegini soraýanlaryň köpelendigini aýdýan wagtynda, raýatlar keseliň öňüni almak üçin özbaşdak çäre görýärler, maska dakynýan köpelýär, ene-atalar çagalaryny mekdebe, çagalar bagyna ugratmazlygy makul bilýär.
Türkmenistanda ýene internetiň güýji peseldi. Türkmenbaşy şäherinde IMO-nyň tasdan işlemeýändigi habar berilýär. Bu ýagdaý ilat arasyndaky nägileligiň ýokarlanmagyna, şikaýat arzalaryny ýazýanlaryň köpelmegine sebäp bolýar.