Şu günler Aşgabadyň häkimliginiň wekilleri ýaşaýjylaryň howlularda goýan öý goşlaryny aýryp başladylar. Olar munuň sebäbini bu goşlaryň “paýtagtyň görküne zyýan ýetirýändigi” bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy martda paýtagtdan maglumat berdi.
Türkmenistanda azyk howpsuzlygy bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, Balkan welaýatynyň käbir sebitlerinde un söwdasy bilen meşgullanýan hususy taraplara, hususy un söwdagärlerine garşy reýd geçirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy martda sebitden maglumat berdi.
Günbatar Balkan welaýatynyň sebit merkezinde aýal-gyzlara 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 manat möçberinde pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary dowam edýär.
Ýurt içinde we ýurt daşyna hereket azatlygy çäklendirilen, kanunda kepillendirilen hukuklaryndan onlarça ýyl bäri mahrum bolýan adamlar, başga alaç tapman, garaşsyz metbugat arkaly seslerini eşitdirmäge çalyşýarlar.