Synçylar türkmen hökümetiniň Ýewropa sebitine gaz ibermek mümkinçiliklerine çynlakaý çemeleşip başlandygyny hem-de Brýusselde, Wenada we Antaliýada geçirilen duşuşyklarda Türkmenistanyň tebigy gaz eksportlaryny Günbatar ugry boýunça giňeltmek meseleleriniň üns merkezine çekilýändigini aýdýarlar.
Lebabyň Türkmenabat şäherindäki hassahanalaryň şertleri we hyzmatlary näsaglary alada goýýar. Näsaglar lukmançylyk edaralarynyň tehniki üpjünçiliginiň ýyllarboýy täzelenmändigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri 19-njy martda sebitden maglumat berdiler.
Aşgabadyň metjitlerinde howpsuzlyk işgärleri tarapyndan “aşa dindar” hasaplanýan raýatlar soraga çekilýär. Musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Remezan aýy dowam edýän mahaly, Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary metjitlere barýan raýatlara gözegçiligi güýçlendirdiler.