Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, Türkmenistanda aýal-gyzlaryň mertebesi ugrunda göreşen şahyr Annasoltan Kekilowanyň doglan gününiň 81 ýyllygyna bagyşlanan ýörite gepleşigimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.
30-njy noýabrda şahyr Annasoltan Kekilowanyň doglan gününe 81 ýyl bolýar. 1980-nji ýyllaryň aýagynda, 1990-njy ýyllaryň başynda ony Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşeginiň agzlagyna almak, şahyryň edebi mirasyny has çuň we töwerekleýin öwrenmek barada gürrüň edilip başlandy. Emma ýurtda döredilen täze kultlar aýal-gyzlaryň gyrnak ornunda goýulmagyna garşy göreşen şahyryň aňyrsynda galan diwarynyň ýykylmagyna däl, beýgelmegine alyp geldi diýip, Ýewropada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally aýdýar. Читать дальше...