Tagtabit Türkmenistanyň paýtagtynda, şol sanda döwlet edaralarynda ýaýramagyny dowam etdirýär. Bu ýagdaý bizar ediji bu mör-möjekleri ýok etmek üçin zerur çäreleri görmäge mejbur edýär. Hususan-da, paýtagtyň çagalar baglarynda dezinfeksiýa çäreleri geçirýärler we ene-atalardan bu çäreleri maliýeleşdirmek üçin pul ýygnaýarlar. Ganhor mör-möjekler indi okuw jaýlarynda we mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin edaralarda duş gelýär. Tagtabitiň ýaýramagy sebäpli, dezinfeksiýa zerurlyk döreýär. Aşgabat... Читать дальше...
Azatlygyň habarçysy irden ýagan ýagşyň köçelerde saklanan we jerime salnan awtoulaglary ‘sanardan köpeldendigini’ habar berýär. Ýagyş diňe jerime salmak däl, hakykatda has kän para almak mümkinçiligini döretdi.
Maryda ýagan ýagyş şu gün polisiýa işgärleri üçin goşmaça gazanç etmek mümkinçiligini döretdi. Azatlygyň habarçysy irden ýagan ýagşyň köçelerde saklanan we jerime salnan awtoulaglary ‘sanardan köpeldendigini’ habar berýär. Ýagyş diňe jerime salmak däl, hakykatda has kän para almak mümkinçiligini döretdi. Ýöne sürüjiler soralýan paranyň möçberiniň sürüjiniň gürleşmek ukybyna baglydygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, 20 manatdan başlanýan paranyň, polisiýanyň tapan bahanasyna laýyklykda, 40, 50 manada hem ýetýän wagtlarynyň bolýandygy aýdylýar. Читать дальше...
Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda býujet işgärleriniň, talyplaryň we ýaşulularyň gatnaşdyrylmagynda köpçülikleýin mejbury çäreleriň ýene biri geçirildi. Çäräniň dowamynda Hasyl toýy mynasybetli döwlet telewideniýesi üçin öňünden reportažlar taýýarlandy. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bu gezekki çärä soňky aýlarda görlüp-eşidilmedik derejede köp adamyň gatnaşdyrylandygyny we onuň howa şertleri zerarly juda uzaga çekendigini aýdýar. “8-nji noýabrda Ak öýüň öňündäki meýdançada... Читать дальше...
Türkmenistanyň wekiliýeti 6-njy noýabrda Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Ähliumumy döwürleýin syn boýunça hasabat berdi.
Daşoguz-Köneürgenç garaýolunyň ugrunda 7-nji noýabrda bir toý kerweniniň köçe-ýol hadysasyna uçramagy netijesinde bolan ýol heläkçiliginde ýedi sany ýaş ýigit wepat boldy. Hadysa Daşoguz şäheri bilen Şabat etrabynyň araçäkleşýän sebitlerinde, bir agyz suw desgasynyň golaýynda bolup geçdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň öwrenen deslapky maglumatlaryna görä, toý kerwenine gatnaşýan ulaglardan iki ulagyň sürüjisi, öýlenýän ýigidiň 24 ýaşly klasdaşlary dar ýoluň ugrunda ulaglaryny ýaryşdyrmakçy bolanlarynda ýol heläkçiligine uçraýar. Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden hem-de beýleki harytlardan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Palestinanyň halkyna muzdsuz bermek baradaky buýruga gol çekdi. Bu barada TDH 8-nji noýabrda habar berdi. Resmi maglumatda, munuň Palestinanyň halky hem-de, ilkinji nobatda, palestin çagalary üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan berilýändigi aýdylýar. Читать дальше...
Pakistanyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji öz hökümetiniň owgan bosgunlaryny we başpena gözleýänleri ýurtdan çykarmak tagallalaryny, Owganystanda “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň ekstremistleriň öňüni alyp bilmezligi bilen baglanyşdyrdy. Premýer-ministr Anwar ul-Hak Kakar bu barada 8-nji noýabrda geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş etdi. Ol mundan iki ýyl ozal “Talybanyň” Owganystanda häkimiýeti gaýtadan ele geçirmegi bilen, “Pakistanyň Talybany” hem diýlip bilinýän, ýagny... Читать дальше...
9-njy noýabrda Ysraýyl Gaza şäherine howa zarbalary urdy. Esgerler Hamas jeňçileri bilen köçeme-köçe söweşleri alyp barýar. Bu aralykda, onlarça müň palestinaly öýlerini terk edip, günorta tarap aşýar. BMG-niň maglumatyna görä, bir aýdan hem aşa wagt dowam edýän zarbalardan soň, ýüzlerçe müň adam uruş zonasynda ýeterlik iýmitsiz we suwsuz, “agyr gumanitar ýagdaýda” gabalgy bolmagynda galýar. Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Gazada ok atyşyklary bes etmek baradaky mümkinçilikleri ençeme gezek ret etdi.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin, 9-njy noýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkende sapar edýär. Bu barada TDH habar berýär. Maslahatyň öň ýany, Berdimuhamedow özüniň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikleri geçirdi. Resmi habarda taraplaryň özara bähbitli türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň meselelerini gürrüň edendigi aýdylýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy, ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň dowamy hökmünde... Читать дальше...
18-nji oktýabrdan bäri Russiýada tussaglykda saklanýan Azatlyk Radiosynyň Tatar-başgyr gullugynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň adamsy onuň “syýasy tussagdygyny” aýtdy. “Nastoýaşeýe Wremýa” telekanalynyň ýolbaşçysy Pawel Butorin aýaly Alsu Kurmaşewanyň Kazanda saklanaly bäri ilkinji gezek interwýu berdi. Pawel hem Alsu çagalary bilen bilelikde, köp ýyldan bäri Pragada ýaşaýarlar we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynda işleýärler. Pawel beren interwýusynda Alsunyň näme üçin Russiýa gitmäge mejbur bolandygy... Читать дальше...