Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň “Kenar” bazarynda ýangyn döredi. 6-njy noýabrda bolan wakada dört dükan doly diýen ýaly ýandy, ýöne adam pidasy bolmady. Bir ýarym gün alyjylara ýapylan bazar 7-nji noýabrda günortan täzeden açyldy.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň “Kenar” bazarynda ýangyn döredi. 6-njy noýabrda bolan wakada dört dükan doly diýen ýaly ýandy, ýöne adam pidasy bolmady. Bir ýarym gün alyjylara ýapylan bazar 7-nji noýabrda günortan täzeden açyldy. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy waka şaýat bolan telekeçileriň birnäçesine salgylanyp, günüň birinji ýarymynda dörän ýangyna “elektrik enjamy bilen bagly geleňsizligiň” sebäp bolandygyny aýdýar. “Bazaryň spirtli içgileri satylýan 2-nji dükanynda satyjy... Читать дальше...
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde ilat plastik bank kartyny almak üçin azyndan alty aý garaşmaly bolýar. Bu aralykda, sebitde bank kartlaryny ogurladýan ýa-da dürli “hilegärlikleriň” pidasy bolup, kartyndaky puluny aldyrýan raýatlar köpelýär.
Lebap welaýatynda daşary ýurtlarda, hususan-da, Russiýada bilim alan ýaşlaryň ençemesi işsizlikden kösenýär. Işsiz ýaşlar iş tapmakda parahorlugyň uly bökdençlik döredýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bu ýaşlaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.
Türkmenistanyň häkimiýetleri zenanlara sürüjilik şahadatnamasyň berilmezligi meselesini ilkinji gezek agzadylar we zenanlara awtoulag sürmäge dokument bermegiň ret edilmegi barada resmi düşündiriş berdiler.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili G.Weliýew ýurtda ygtyýarnamasyz maşyn sürýän köp sanly aýalyň tapylandygyny, howpsuzlygy üpjün etmek üçin derňew başlanyp, şol döwürde aýallaryň ulag sürmek ukybynyň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy. Türkmen resmisi BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 6-njy noýabrda Ženewada geçirilen maslahatynda çykyş etdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti 6-njy noýabrda Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Ähliumumy döwürleýin syn boýunça hasabat berdi. Duşuşygyň dowamynda söz azatlygyndan metbugat azatlygyna, gender deňliginden hereket azatlygyna çenli dürli ugurlarda adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna syn berildi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti öz hasabatynda ýurtda adam hukuklary boýunça... Читать дальше...
Balkan welaýatynyň Bereket, Gyzylarbat etraplarynda gowaça ekip, bergili çykan kärendeçiler jogapkärçilige çekilýär. Azatlyk radiosynyň ýerli habarçysy garaşylýan pagta hasylyny alyp bilmedik kärendeçileriň garşysyna derňew işleriniň açylyp başlanandygyny habar berýär.
Türkmenistanyň häkimiýetleri zenanlara sürüjilik şahadatnamasyň berilmezligi meselesini ilkinji gezek agzadylar we zenanlara awtoulag sürmäge dokument bermegiň ret edilmegi barada resmi düşündiriş berdiler. BMG-nyň Ženewada geçiren uniwersal döwürleýin synynyň 44-nji mejlisinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili G.Weliýew bu mesele barada hasabat berdi. BMG-niň ýygnagynda çykyş eden türkmen resmisi ýurtda hiç hili ygtyýarnamasyz maşyn sürýän köp sanly aýalyň tapylandygyny, howpsuzlygy üpjün etmek üçin derňew başlanyp... Читать дальше...
Balkan welaýatynyň Bereket, Gyzylarbat etraplarynda gowaça ekip, bergili çykan kärendeçiler jogapkärçilige çekilýär. Azatlyk radiosynyň ýerli habarçysy garaşylýan pagta hasylyny alyp bilmedik kärendeçileriň garşysyna derňew işleriniň açylyp başlanandygyny habar berýär. Kärendeçiler hasylyň suw ýetmezçiligi sebäpli ýitirilendigini aýdýarlar. Prezident her ýylyň noýabrynda bellenýän Hasyl toýuny ýokary gurmaçylykda geçirmegi tabşyrýar. Prokuratura derňewi bilen ýüzbe-ýüz bolan birnäçe kärendeçiniň biri-birinden aýratynlykda... Читать дальше...
Lebap welaýatynda daşary ýurtlarda, hususan-da, Russiýada bilim alan ýaşlaryň ençemesi işsizlikden kösenýär. Işsiz ýaşlar iş tapmakda parahorlugyň uly bökdençlik döredýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bu ýaşlaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldy. “Daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlaryň aglabasy iş tapyp bilmeýär. Olaryň diňe käbiri mekdeplerde mugallym ýa mugallyma bolup işe girip bilýär. Ýöne bu mugallymçylyk işine girmek üçin-de azyndan 70 müň manat para bermeli bolýar” diýip... Читать дальше...
Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistandan Russiýa 23.6 müň türkmenistanly syýahat edipdir. Bu barada ýarym-resmi türkmen neşirleri Russiýanyň TASS gullugyna salgylanyp habar berýärler. Bu görkeziji hasabat döwründe Russiýa sapar eden daşary ýurt döwletleriň raýatlarynyň arasynda bäşinji orunda durýar. Maglumata görä, 2023-nji ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça Russiýa Hytaýyň 105.8 müň raýaty, Germaniýanyň 42.1 müň raýaty, Türkiýäniň 33.7 müň raýaty we Eýranyň 25.6 müň raýaty syýahat edipdir. Читать дальше...
Russiýada tussaglykda saklanýan ABŞ žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň adamsy aýalynyň “syýasy tussagdygyny” aýtdy, şeýle-de Birleşen Ştatlardan onuň “ýalňyşlyk bilen tussag edilendigi” hökmünde häsiýetlendirilmegini sorady. Russiýa Kurmaşewanyň “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba durmandygyny aýdyp, 18-nji oktýabrda ony tussaglyga ýerleşdirdi. Onuň adamsy Pawel Butorin tussaglykdaky aýalyna konsullyk girişiň indi kepillendirilmelidigini aýtdy we munuň onuň hukuklarynyň bozulmagyna getirýändigini belledi. Читать дальше...
“Yslam döwleti” (YD) ekstremistiki topar Kabulda mini-awtobusa amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Bu baradaky beýanat 7-nji noýabrda toparyň Telegram hasabynda peýda boldy. Kabulyň aglaba şaýy musulmanlaryň ýaşaýan sebitinde bir ulagyň partladylmagy netijesinde, azyndan ýedi adam öldi, başga-da 20 töweregi ýaralandy. “Talyban” dolandyryjylarynyň Kabuldaky polisiýa edarasy bu hadysany tassyklap, munuň şäheriň Daşt-e Barçi etrabynda bolandygyny takyklaşdyrdy. Oktýabryň aýagynda... Читать дальше...
ABŞ-nyň Halkara Dini azatlyklar boýunça komissiýasy (USCIRF) Pakistanda owgan bosgunlaryna we başpena gözleýänlere ýowuz daraşylmagyna, şeýle-de olaryň ýurtdan zor bilen çykarylmagyna alada bildirdi. Dünýä boýunça dini azatlyklara gözegçilik edýän edaranyň bu baradaky beýanaty 6-njy noýabrda çap boldy. Pakistan geçen aý dokumentleşdirilmedik 1.7 million töweregi bikanun owgan bosgunlarynyň köpçülikleýin ýurtdan çykaryljakdygyny yglan etdi. Bu ädim Günbatar hökümetleri we hukuk toparlary tarapyndan tankytlandy. Читать дальше...
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň 9-njy noýabrda Gazagystanyň paýtagty Astana sapar etmegine garaşylýar. Bu barada gazak prezidentiniň metbugat edarasy 6-njy noýabrda mälim etdi. Beýanata görä, Putin özüniň gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we strategiki partnýorlyk meselelerini maslahat eder. Olaryň wideo aragatnaşyk arkaly Gazagystanyň Kostanaýi şäherinde geçjek gazak-rus 19-njy forumyna hem gatnaşmagy göz öňünde tutulan. Mundan bir hepde töweregi wagt ozal... Читать дальше...
Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagynda satuwa çykarylan myhmanhana otaglary, kottež toplumlary geçmeýär. Milli syýahatçylyk zolagyndaky ýagdaýlary gowy bilýän hünärmenler bu desgalaryň köpüsiniň zyýandan başga peýdasynyň ýokdugyny aýdýarlar.