Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, Garagumda sowet häkimiýetlerine garşy söweşen gozgalaňçylaryň 92 ýaşan kyssasy; Gyzyllara garşy göreşip, 100 ýyl mundan öň öldürilen Hojaguly han barada taýýarlan gepleşigimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.
OGPU-nyň hasabatlarynda geçýän guýy atlary bir tarapdan türkmen çarwalarynyň Garagum çölünde nähili giň maldarçylyk infrastrukturasyny gurandygyny görkezse, ikinji tarapdan, ägirt uly çöllügi içine alýan territoriýada gurlan asyrlyk medeniýetiň, daýanykly ykdysadyýetiň basybalyjy güýçler tarapyndan nähili giňe gerimde we wagşylarça ýok edilendigini görkezýär. Türkmenistanlylaryň şu günki nesilleriniň içinde ol guýularyň atlaryny bir gezek eşitmedik adamlar hem bar, emma 50-80 ýaş aralygyndaky adamlaryň... Читать дальше...