Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, sowet häkimiýetlerine garşy ýaragly gozgalaňa gatnaşan we ‘basmaçy’ diýlip atlandyrylan adamlar barada ýönekeý ýaşaýjylaryň, taryhçylaryň, ýazyjylaryň pikir-garaýyşlary, goňşy Özbegistanda aklanýan ‘basmaçylaryň’ Türkmenistanda aklanylmazlygynyň mümkin bolan sebäpleri barada taýýarlan gepleşigimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.
Bolşewikleriň serdary Iosip Staliniň 1931-nji ýylyň 5-nji awgustynda, kommunistik partiýanyň merkezi komitetiniň syýasy býurosynyň ýygnagyny geçirip, Türkmenistanda basmaçylyk meselesi barada çykyş edenine we öz mertebesini goramaga synanyşýan adamlara jeza çäreleriniň görülmegine buýruk berenine geçen aýda, awgustyň başynda 92 ýyl boldy. Şu aralykda Özbegistanda, ýerli synçylaryň birnäçesiniň Azatlyga aýtmaklaryna görä, “türkmen ýolbaşçylary bilen ‘saçakly gatnaşýan’ özbek lideriniň eýelän syýasy we taryhy pozisiýasy esasynda... Читать дальше...