Türkmenistanyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen, çagalary başlangyç synpa başlan ene-atalaryň ençemesi mekdebiň ilkinji günlerinden başlap, giň ýaýran para-berim bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny aýdýar. Olar mekdep esbaplarynyň hem köpler üçin elýetersizdigini belläp, özlerinden yzygiderli pul ýygnalýandygyny-da aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary we Balkan welaýatlaryndan maglumat berdiler. “Mugallymlar ene-atalaryň maddy ýagdaýyna seredip... Читать дальше...
6-njy sentýabrda adam hukuklary boýunça “Freedom Now” guramasy 5 ýyldan gowrak wagt mundan ozal Türkiýeden aldaw ýoly bilen Türkmenistana eltilip, uzakmöhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen türkmen studenti Ömruzak Omarkulyýewiň derhal we şertsiz boşadylmagyna çagyrdy.
Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygymy möwsüminiň resmi taýdan yglan edilmeginiň yzysüre, Lebapda “ak kerwen” dabarasy üçin köpçülikleýin çäre geçirildi. Döwlet telewideniýesine wideo reportažlary öňünden taýýarlamak üçin geçirilen bu çäre sebitdäki ulaglaryň hereketine hem ýaramaz täsir etdi.
Ahal welaýatynyň paýtagt Aşgabadyň eteginde ýerleşýän etraplarynyň ýaşaýjylary öz ýaşaýan sebitlerinde un üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän kynçylyklaryň arasynda un we çörek satyn almak üçin paýtagta gatnamaga mejbur bolýarlar.
Türkmenistanyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda täze okuw ýyly ýaňy başlan mahaly, Aşgabatda körpeleri çagalar bagyna nobata durup ýerleşdirmegiň barha kynlaşýandygyny, ene-atalar aýdýarlar. Olar körpeleri nobatsyz çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin para bermäge mejbur bolýandyklaryny belleýärler.
Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygymy möwsüminiň resmi taýdan yglan edilmeginiň yzysüre, Lebap welaýatynda “ak kerwen” dabarasy üçin köpçülikleýin çäre geçirildi. Döwlet telewideniýesine wideo reportažlary öňünden taýýarlamak üçin geçirilen bu çärä edara-kärhanalaryň, şol sanda oba hojalyk işgärleriniň we ýaşulularyň onlarçasy gatnaşdyryldy. Çäre sebitdäki ulaglaryň hereketine hem ýaramaz täsir etdi. Bu aralykda, sebitiň býujet işgärlerinden pagta ýygymy üçin pul ýygnalyp başlandy. Ýurduň Ahal... Читать дальше...
6-njy sentýabrda düýbi Waşingtonda ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Freedom Now” guramasy 5 ýyldan gowrak wagt mundan ozal Türkiýeden aldaw ýoly bilen Türkmenistana eltilip, uzakmöhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen türkmen studenti Ömruzak Omarkulyýewiň derhal we şertsiz boşadylmagyna çagyrdy. 1985-nji ýylda doglan Omarkulyýew, guramanyň maglumatyna görä, 2018-nji ýylyň 15-nji martynda näbelli aýyplamalar esasynda saklanyp, 20 ýyl tussaglyga höküm edildi. “Türkmenistan 2,000 gün mundan ozal... Читать дальше...
Heläkçilikli ýol hadysasy dynç güni irki sagatlarda Türkmenbaşy we Aşgabat şäherleriniň arasynda boldy. Azatlygyň habarçylaryna we çeşmelerine görä, awtoulagda jemi bäş adam bolup, olardan diňe ikisi diri galydyr. Ýol heläkçiligi 3-nji sentýabrda ir sagat 10:30 töweregi Türkmenbaşy-Aşgabat magistral ýolunynyň 287-nji kilometrinde ýüze çykypdyr. Azatlygyň habarçylaryň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, ulag hadysasyna paýtagta barýan "BMW" kysymly awtoulag sebäpkär bolup, aşa ýokary tizlikde... Читать дальше...
Özbegistanda bir wagtyň özünde iki ýa-da has köp aýal bilen ýaşaýan, şeýle-de aýal-erkek hukuklarynyň deň bolmagyny aç-açan inkär edýän adamlar administratiw jogapkärçilige çekilip bilner. Bu baradaky kanun parlamentiň kanun çykaryjy palatasynyň nobatdaky mejlisinde tassyklandy diýip, parlamentiň aşaky palatasynyň metbugat gullugy habar berýär. Täze kanun iki ýa-da has köp aýal bilen bile ýaşaşýan, aýallaryň we erkekleriň hukuklarynyň deň bolmagyny aç-açan inkär edýän adamlary administratiw jogapkärçilige çekmegi göz öňünde tutýar. Читать дальше...
30-njy awgustda "Aýkol" ynsanperwer missiýasynyň çäginde, Gyrgyzystanyň graždanlary bolan 31 aýal we 64 çaga watanyna gaýtarylyp getirildi, olar Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky lagerde bolupdylar. Şu ýylyň fewral aýynda, bu missiýanyň birinji tapgyrynyň çäklerinde, Siriýadan 18 aýal we 41 çaga gaýdyp geldi. 2021-nji ýylda “Meerim” missiýasynyň bir bölegi hökmünde, Yrakdaky bosgun lagerlerinden 79 çaga yzyna gaýtaryldy. Häzirki wagtda Siriýadaky "Roj" bosgun düşelgesinde henizem gyrgyz aýallarynyň... Читать дальше...
Eýran metbugaty ýurda goňşy ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan gelýän saglyk syýahatçylarynyň sanynyň barha köpelýändigini habar berýär. Bu köpeliş ýurduň koranawirus çäklendirmelerini aýyrmagy bilen baglanyşdyrylýar. Habarda bellenmegine görä, Eýran ýylyň başynda uçup gelýän adamlaryň öňünden COVID synaglarynyň netijesini tabşyrmagyny talap etmegini bes etdi. ISNA habar gullugynyň ýerli resmä, Maşadyň Medisina ylymlary uniwersitetiniň saglyk syýahatçylygy bölüminiň başlygy Dawud Hoş-şekana salgylanyp ýazmagyna görä... Читать дальше...
"Freedom Now” guramasy türkmenistanly student Ömruzak Omarkulyýewiň aldaw ýoly bilen ýurduna getirilip, tussag edilenine 2 müň gün bolandygyny aýdýar we onuň haýal etmän, hiç bir şert goýmazdan azatlyga çykarylmagyna çagyrýar. 1985-nji ýylda doglan Omarkulyýew, guramanyň maglumatyna görä, 2018-nji ýylyň 15-nji martynda näbelli aýyplamalar esasynda saklanyp, 20 ýyl tussaglyga höküm edildi. Azatlygyň ozal ençeme gezek harbar berşi ýaly, Ömruzak Omarkulyýew tutulmazyndan ozal Türkiýede inženerçilik... Читать дальше...
Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi (ÝB) ýurtlary bilen arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 494,66 million ýewrodan geçdi diýip, “Biznes Türkmenistan” Azerbaýjanyň “Trend” habar gullugyna salgylanyp ýazýar. ÝB-niň Statistika gullugyna (Ýewrostat) salgylanyp berlen habara görä, Türkmenistan bilen ÝB ýurtlarynyň arasyndaky söwda, geçen ýylyň ilkinji bäş aýy bilen deňeşdirilende, 17,8% ýokarlandy (406,3 million ýewro). Ýylyň bäş aýynda Türkmenistanyň ÝB ýurtlaryna eksporty 273,16 million ýewro deň boldy... Читать дальше...