Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, Türkmenistanyň çet obalaryndaky durmuş şertleri barada ýerli ýurt içinden alnan maglumatlar esasynda taýýarlan gepleşigimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.
Aşgabatda ýaşaýjylaryň, hususan-da ene-atalaryň ençemesi neşe maddalarynyň täsirine meňzeş duýgulary döredýän garyndalary içýän ýaşlaryň göz-görtele köpelýändigini aýdyp, bu ýagdaýa alada bildirýär. Olar bu ýaşlaryň hem özlerine, hem-de jemgyýete howp abandyrýandygyny aýdýarlar. “Bu ýaşlar energiýa içgileriniň içine dermanhanalarda reseptsiz satylýan baralgin ýaly dermanlary köp mukdarda goşup içýärler. Bu garyndy neşe maddalarynyň täsirine meňzeş duýgulary emele getirýär. Şeýle garyndylary içýän ýaşlara köçelerde... Читать дальше...
Türkmen häkimiýetleri geçen ýyl obalaryň käbiriniň ilat sanynyň 50 adama hem ýetmeýändigini tassyk etdi. "Çet obalar örän kyn ýagdaýa düşdi, dogduk mekanlaryndan iş gözläp ýa göçüp gidýän köpelýär, galanlar zordan mydar edýär" diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary habar berýär. Şu aralykda, 21-nji awgustda berlen resmi habara görä, TDHÇMB-nyň daşary ýurt puluna eden söwdalarynda Hytaýyň, BAE-niň, Irlandiýanyň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary... Читать дальше...