Türkmenistanda ilatyň daşary ýurtlara gitmek bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan çäklendirmeleri barha köpelýän mahaly, Lebap welaýatynda raýatlara wiza we bilet alyp berýän ýörite "adamlar" peýda boldy. Olar "bu hyzmat" üçin raýatlardan bir müň dollardan gowrak serişde talap edýärler. "Bu adamlar Kazan we Dubaý şäherlerine işlemäge gitjek raýatlara üç aýlyk wiza we bilet alyp berýärler. Olara biometriki pasportyňy we 1200 dollary berseň, olar 10 günüň içinde wizaňy we bilediňi alyp berip, öýüňde oturan ýeriňde eliňe gowşuryp gidýärler" diýip... Читать дальше...
Türk metbugatynda Türkmenistanyň raýaty bilen bagly jenaýatçylykly ýagdaý barada ýene habar peýda boldy. Stambulda ýüpden asylan türkmenistanlynyň jesedi tapyldy. Stambulyň Awjylar etrabynda bir ýaşaýyş jaý toplumynyň demir haýatynda ýüp bilen asylgy ýagdaýynda öli tapylan adam barada türk habar serişdeleriniň ençemesi maglumat berdi. NTV media serişdesine görä, barlaglaryň netijesinde jesediň 38 ýaşyndaky türkmenistanly Arslan Annaýewe degişlidigi anyklanypdyr. Maglumata görä, hadysa Denizköşkler mähellesiniň Dr. Читать дальше...
Ak tam ikinji gün ABŞ-nyň Russiýa bilen ýadro maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmek kararyna gelendigini yglan etdi. “Amerikanyň sesi” neşiriniň Rus gullugynyň habaryna görä, START-3 şertnamasynda göz öňünde tutulan maglumat alyşmak düzgüni birnäçe ýyl bäri saklanýardy. ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň wekiliniň sözlerine görä, iki ýurduň arasyndaky maglumat alyşmak ylalaşygyny togtatmak kararynyň Russiýanyň şertnama gatnaşmagyny togtadýandygy barada Moskwanyň aýdanlaryna jogap hökmünde kabul edilendigini aýtdy. Читать дальше...
Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt, şol sanda Türkmenistanyň tassyklan ýokary okuw jaýlarynyň diplomlaryny watanynda ykrar etdirmekdäki kynçylyklary dowam edýär. Bu hem para-peşgeşe ýol açýar. Bu aralykda, prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa sebitinde bilim boýunça resminamalary ykrar etmek hakynda buýruga gol çekdi. 28-nji martda gol goýlan buýruk daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakynda resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegi kämilleşdirmegi maksat edinýär. Şeýle-de... Читать дальше...
Şu günler Mary welaýatynda häkimiýetler hojalyklaryň ýakan gazy boýunça hasaplaşyklaryň geçirilmegini, şeýle-de bäş ýyldan artyk ulanylan ölçeýjileriň sökülip gaýtadan barladylmagyny talap edýärler. Agyr ykdysady krizisiň arasynda gurpdan düşen ýaşaýjylaryň käbiri tölegleri etmäge eýýäm maddy ýagdaýynyň ýokdugyny aýdýar. Şol bir wagtda, ýerli resmileriň käbiri bu raýatlaryň ýagdaýyna girip, olaryň bu meseleleri boýunça ýardam bermäge synanyşýarlar. Türkmengala etrabynyň gaz edarasynyň işgärleri... Читать дальше...
Dünýäde mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy göreşýän bileleşik bolan Pagta kampaniýasy mejbury zähmete garşy özgertmeler prosesi üçin garaşsyz gözegçiligiň zerurdygyny aýdýar, emma dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanda adamlaryň sowet ýyllaryndan bäri arzan işçi güýji hökmünde ulanylýan ýerlerine ne garaşsyz synçylar, ne-de žurnalistler baryp bilýär. Türkmenistanyň hökümeti, BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň tekliplerine laýyklykda, pagtaçylyk pudagynda döwlet tarapyndan... Читать дальше...