Мы в Telegram
Добавить новость

Ответ на изъятие средств РФ в ЕС, признание Палестины, обновление границы в Балтийском море. О чем говорил Песков

Департамент IT Москвы открыл два новых сервиса

Жители Москвы могут увидеть парад планет в ночь на 3 июня

Игнатьев: «Мы должны надеяться, что фамилия Миранчука прозвучит в еврокубках»

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryly resmi ‘garaşylmadyk ýagdaýda’ pensioneriň gaz meselesine ýardam etdi

Maryly resmi ‘garaşylmadyk ýagdaýda’ pensioneriň gaz meselesine ýardam etdi

Şu günler Mary welaýatynda häkimiýetler hojalyklaryň ýakan gazy boýunça hasaplaşyklaryň geçirilmegini, şeýle-de bäş ýyldan artyk ulanylan ölçeýjileriň sökülip gaýtadan barladylmagyny talap edýärler.

Agyr ykdysady krizisiň arasynda gurpdan düşen ýaşaýjylaryň käbiri tölegleri etmäge eýýäm maddy ýagdaýynyň ýokdugyny aýdýar. Şol bir wagtda, ýerli resmileriň käbiri bu raýatlaryň ýagdaýyna girip, olaryň bu meseleleri boýunça ýardam bermäge synanyşýarlar.

Türkmengala etrabynyň gaz edarasynyň işgärleri 60 ýaşlarynyň aýagyndaky Maral daýzanyň (ady üýtgedilen – red.) öýüne gelip, gaz ölçeýjisine bäş ýylyň dolandygyny, şol sebäpli onuň barlagdan geçirilmelidigini talap etdiler.

“Gaz işgärleri ölçeýjini söküp, ony edaralaryndaky ýörite komissiýa tabşyrmalydygyny aýtdylar. Olaryň gürrüňine görä, ölçeýjiniň dogry işläp-işlemändigi barlanmaly we 400-600 manada durýan bu iş meniň öz hasabyma amal edilmeli. Resmiler eger-de muny etmesem, onda hamala ölçjeýji düýbünden ýok ýaly, jerime ýazjakdyklaryny aýtdylar” diýip, 40 ýyldan hem aşa potratçylyk bilen meşgullanan Maral daýza gürrüň berdi.

Ol gaz işgärlerine diňe ýeke özüniň ýaşaýandygyny, hökümetiň berýän 200 manatdan sähel ýokary pensiýasynyň kadaly iýmitlenmäge hem ýetmeýändigini düşündirjek boldy.

“Gaz işgärleri gepiňi hem diňlejek bolmadylar, gaýta muny etmesem gazymy doly kesjekdikleri bilen haýbat atdylar” diýip, Maral daýza sözüni dowam etdirdi.

Mundan soň, ol özüne belki kadadan çykma hökmünde egilşik ediljekdigine umyt edip, ýagdaýyny etrabyň gaz edarasyna düşündirmäge gitdi.

“Edaranyň başlygy ýerinde ýok eken. Ýöne meni beýleki jogapkär işgärleriň biri (onuň wezipesi we ady howpsuzlyk jähtinden aýan edilmeýär – red.) kabul etdi. Men tutuş ömrümi beýlekileriň melleklerinde potratçylyk edendigimi, pagta ýygandygymy aýtdym. Üç çagamyň hem menden daşda ýaşaýandygyny, hökümetiň pensiýasynyň hem ýetmeýändigini beýan etdim” diýip, Maral daýza bolan söhbetdeşligi gürrüň berdi.

Ol jogapkär resminiň beren jogabynyň özi üçin garaşylmadyk ýagdaý bolandygyny aýtdy.

“Ol maňa duýgudaşlyk sözlerini aýtdy we gazymy kesdirmezlige, şeýle-de ölçeýjini mugtuna barlagdan geçirmäge kömek etmäge synanyşjakdygyny belledi. Resmi öz mobil telefon belgisini berip, haçanda gaz işgärleri gaýtadan gelenlerinde, şol pursat özüne jaň etmegimi ündedi. Men mobil telefonumyň ýokdugyny aýdanymda, ol resmi ‘Bolar, onda gazyňy kesjek diýip öýüňe gelenlere meniň belgimi ber we meniň kimdigimi aýt’ diýip, jogap berdi”

Mundan başga-da, ol resmi Maral daýzany öz awtoulagynda öýüne çenli getirip, şeýle-de öz jübüsinden oňa 300 manat berdi.

“Ol bu puly özüňe harçla diýdi. Onuň bu hereketleri diýseň garaşylmadyk boldy. Sebäbi beýleki ýolbaşçylaryň aglabasy, meseläň bilen geleniňde, gepiňi hem diňlemän, ‘öňünden aladasyny etmeli ekeniň’ diýip ýüzüňi alyp goýberýärler. Gaz edarasynyň bu işgäri bolsa, ‘indi pulda kösenseň barmaga gapyň bardyr’ diýip rahatlandyrdy” diýip, Maral daýza sözüne goşdy.

Türkmen hökümeti ilat üçin elektrik energiýasyny, gaz we suw ýeňilliklerini 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýatyrdy.

Ýurduň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu kararyny, ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ilatyň has gowy ýaşap başlandygy we döwletiň goldawyna mätäç däldigi bilen düşündiripdi.

Şondan soň ýaşaýyş jaýlarynda elektrik, gaz we suw hasaplaýjylary oturtmak işlerine, şeýle-de tölegleriň geçirilişine gözegçilikler güýçlendirildi. Töleg meseleleri döwlet derejesinde hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu ýagdaýlaryň arasynda, ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň suw, elektrik we gaz üpjünçiligindäki bökdençlikleri saklanyp galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Программу обучения помощников машинистов запустят в колледже «Подмосковье»

«Россети Московский регион» оштрафовали за нарушение в Ленинском округе

Тоннель под МКАД на южном направлении МСД готов почти на 80%

Российская авиакомпания анонсировала 16 новых маршрутов из Томска

Музыкальные новости

Тревел-тату как искусство: Яндекс Плюс запустил проект «Из путешествия – с татуировкой»

Концерт волынщиков в музее П.И. Чайковского

Театр танца Катерины Нейман выступил на главной сцене ТРЦ «Нора»

«Прыгала, как сумасшедшая»: Юлия Савичева рассказала об исполнении давней мечты в шоу «УТРО. ТНТ»

Новости России

Вдова актера Пуговкина Ирина Пуговкина-Лаврова умерла на 82-м году жизни

Программу обучения помощников машинистов запустят в колледже «Подмосковье»

Песков назвал экспроприацией решение ЕС по замороженным активам России

Жители Москвы могут увидеть парад планет в ночь на 3 июня

Экология в России и мире

Команда ювелирной сети «585*ЗОЛОТОЙ» приняла участие в благотворительном забеге от фонда «Антон тут рядом»

Российские туристы встретились с таджикскими строителями в Новой Зеландии и были удивлены их жизни и ответами на вопросы

Щитовидная железа - что это? Где находится? Какие заболевания вызывает?

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев потеряет место в рейтинге ATP

Даниил Медведев идет третьим в чемпионской гонке ATP, Андрей Рублев — пятый

Экс‑теннисистка Джорджи обвиняется в краже мебели и ковров на €100 тысяч — СМИ

Арина Соболенко сняла траур по Кольцову и завела новые романтические отношения

Moscow.media

MONT расширил продуктовую линейку ИБ-решений при поддержке «Сайберпик»

Bluetooth-сканер штрих-кодов SAOTRON P04 на базе CMOS-матрицы

Сотрудник Дубненского отдела вневедомственной охраны Главного управления Росгвардии по Московской области встретился с учащимися МОУ СОШ №1

В РМАТ ПРОШЕЛ I БИЗНЕС-ФОРУМ ВЫПУСКНИКОВ РМАТ 1999-2023 ГОДА ВЫПУСКА, ПОСВЯЩЕННЫЙ 55-ЛЕТНЕМУ ЮБИЛЕЮ АКАДЕМИИ











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Программу обучения помощников машинистов запустят в колледже «Подмосковье»

Департамент IT Москвы открыл два новых сервиса

Ответ на изъятие средств РФ в ЕС, признание Палестины, обновление границы в Балтийском море. О чем говорил Песков

В Красноярске обсудили основные треки реализации проекта «Муниципальная школа финансовой культуры»