Aşgabatdaky Migrasiýa gullugynda pasport almak isleýänleriň uly nobatlary saklanýar. Şu günler nobatda duranlaryň uly bölegini pasportyň taýýarlanmagyna zerur dokumentleri tabşyrmak üçin öňünden talon alýanlar emele getirýär. Paýtagtyň Migrasiýa gullugynda pasportyň taýýarlanmagy üçin zerur dokumentleri tabşyrmakçy bolýanlaryň sany ýüzlerçe adamdan geçýär. Azatlyk Radiosyna gowşan wideoda dokument tabşyrmak üçin öňünden talon almakçy bolup, nobatda duranlaryň jaýynda 300 golaý adamy görmek mümkin. Читать дальше...
Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňýany ses bermäge hukugy bolan raýatlar hasaba alynýar. Habarçylarymyz bu işleriň çäginde ýurduň daşyndaky raýatlaryň ornuna garyndaşlarynyň ses bermelidigi barada duýdurylýandygyny hem belleýärler.
Türkmenistanda degişlilikde sowuk howa şertleriniň saklanýan döwri, döwlet işgärleri ýene-de “Awaza” ýollanma satyn almaga mejbur edilýär. Geçen ýyllardakylardan tapawutlylykda häkimiýetler işgärleriň syýahatçylyk zolagyna dogurdanam gidendigi barada delil soraman, diňe töleg talaby bilen çäklenýärler. “Hazaryň kenaryndaky ‘Awaza’ syýahatçylyk zolagynda her bir welaýata degişli we onuň adyny göterýän ýörite myhmanhana bar. Olaryň dolandyryşy we üpjünçiligi şol welaýatlara degişli. Sebitleriň häkimiýetleri ýylyň dowamynda... Читать дальше...
Şu günler Türkmenistanyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri dowam edýär. Ideg işleri ösüş suwuny tutmak we ekinleri mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek ýaly çäreleri öz içine alýar. Bu aralykda, gallaçy kärendeçiler ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýär. Kärendeçiler ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde, hususan-da, öňki Oguzhan etrabynyň çäklerinde ýerleşýän bugdaý meýdanlarynyň köp böleginde kadaly gögerişiň alynmandygyny aýdýarlar. “[Öňki] Oguzhan... Читать дальше...